Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Göçýän çägeler

Maý-noýabr aýlary aralygynda Türkmenistanda Garagum çölüniň eteginde ýerleşýän obalara ýa-da gara ýollara göçýän çägeleriň süýşýändigi habar berilýär. Aşakdaky fotosergide paýtagtyň Çoganly we Aşgabat-Daşoguz asfalt ýolunyň käbir sebitlerinde çägäniň gara ýollara ýa-da dürli desgalara süýşüp gelendigini görkezýän suratlary görüp bilersiňiz.
Köpräk görkez

Göçýän çägeler Aşgabat-Daşoguz asfalt ýolynyň (4-nji km.) sag ýakasyndaky awtoulaglara  ýangyç guýýan stansiýanyň daşyna halka bolup aýlanan. Stansiýa baryp, awtoulagyna ýangyç guýmakçy bolýanlar göçýän çäge syran asfalt ýoluň ejir-azaby bilen her gün ýüzbe-ýüz bolýarlar.
2

Paýtagtyň Çoganly şäherçesiniň ortasyndan geçýän esasy ýoldan şäherçäniň içine çekilen köp köçäni göçýän çägeler basypdyr. Adamlar, awtoulaglylar ýol tapan ýerinden ýöreýärler. Ýöne  ýel ugruna göçýän çägeler wagtlaýyn ýollary-da basýar.
3

Aşgabat-Daşoguz asfalt ýolunyň Çoganlynyň demirgazygyndan başlanýan ilkinji kilometrlerini-de göçýän çägeler basýar. Ýokary tizlikde gelýän awtoulagly ýoly basan göçýän çägeleri görmezden oňa ursa, awtoulagyň ýoldan çykmak, agdarylmak howpy bar.
4

Aşgabat-Daşoguz asfalt ýolunyň çep ýakasynda (2-nji km.) bina edilen Halkara awtoulag wokzaly (terminaly) golaýda ulanylmaga berildi. Asfalt ýol bilen terminalyň arasynada  özboluşly çäge depeleri bar. Göçýän çägeler ýel gundogardan össe terminaly, günbatardan össe asfalt ýoly basýar.
5

XS
SM
MD
LG