Türkmenistanyň häkimiýetleri 23 ýaşly Magtymguly Gurtgeldiýewi aktiwizm üçin yzarlaýarlar. Entek Hytaýyň nebit uniwersitetiniň talyby wagty, ol türkmenistanlylaryň hak-hukuklary ugrunda göreşdi.
Mälikberdi Allamyradow alty ýyl bäri Russiýada ýaşaýar we okaýar. Ol türkmen talyplarynyň hukuklaryny gorap eden protest çykyşlary bilen tanalýar.
Mary welaýatynda 26-njy noýabrda ýene tozanly ýel turdy. Azatlyk Radiosynyň çeşmesiniň sebitden iberen wideosynda goňrumtyl, sarymtyl reňkdäki tozanyň asmany gaplandygyny, daş-töweregiň, şol sanda ulaglaryň we köçeleriň tozana bürelendigini görse bolýar.
Gyrgyz-Täjik serhedindäki meseleleriň ýaşaýjylara ýetirýän täsiri Batkende üýtgeşik toý boldy. Zilolanyň Täjigistandan gelen hossarlary toýa gatnaşyp bilmän, serhet geçýän ýoluň garşy tarapynda durup, ýaş çatynjalara ak pata berip, bagt arzuw etdiler.
Türkiýeli belli aşpez Burak Özdemir (CZN Burak) Türkmenistanda özüniň restoranyny açmak planlaryny mälim etdi.
Soňky birnäçe aýyň dowamynda azyndan alty türkmenistanly aktiwist Türkiýeden Aşgabada deportasiýa edildi. Bular Farhat Meýmankuliýew, Röwşen Kylyçow, Umit Kuzybaýew, Döwran Imamow, Maksat Baýmyradow we Serdar Durdylyýew dagylardyr.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili G.Weliýew ýurtda ygtyýarnamasyz maşyn sürýän köp sanly aýalyň tapylandygyny, howpsuzlygy üpjün etmek üçin derňew başlanyp, şol döwürde aýallaryň ulag sürmek ukybynyň wagtlaýyn togtadylandygyny aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow bilen Rejep Erdogan birek-birege milli it tohumlarynyň güjüklerini berdiler. Bu, türkmen prezidentiniň Türkiýä sapary wagtynda bolup geçdi.
13-nji oktýabrda GDA döwlet baştutanlarynyň Bişkekdäki sammitinde türkmen žurnalistleri hem işledi. Döwlet habar beriş serişdeleriniň wekilleri beýleki ýurtlardan baran kärdeşleri bilen bir ýerde işlediler.
Warşawada adam hukuklary boýunça Ýewropadaky iň uly konferensiýa geçirilýär. Onda türkmenistanly aktiwistler we adam hukuklaryny goraýjylar hem gatnaşýarlar. Olar Aşgabatdaky häkimiýetleriň yzarlamalardan gorkup, ýurtdan çykan türkmen raýatlaryň ekstradisiýa edilmegini gazanýandygyny aýtdylar.
Türkmenistandan bolan aktiwist Nurmuhammet Annaýew Ýewropada syýasy gaçybatalga ýüz tutmaga mejbur boldy. Berdimuhamedow režiminiň kesgir tankytçysy 2020-nji ýylyň fewralynda ýurdy terk etdi. Ol, ilkibaşda, Birleşen Arap Emirliklerinde ýaşaýardy, soňra Türkiýä geçdi.
Ýene-de ýükle