Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Eýran boýunça rezolýusiýa taslanýar


ABŞ Eýran bilen ýadro ylalaşygynyň detallaryny öz içine alýan BMG-niň rezolýusiýasynyň taslamasyny taýýarlaýar we ony BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 15-nji iýulda geçiriljek maslahatynda öňe sürer, diýip diplomatlar aýdýarlar.

ABŞ-nyň ilçisi Samantha Power ylalaşygyň esasy ugurlaryny geňeşiň agzalaryna mälim eder.

Rezolýusiýa Howpsuzlyk Geňeşiniň sanksiýalarynyň häzirki çäklerini üýtgeder, Wenadaky gepleşiklerde gelnen çäklendirmeler hasaba alnar, diýip Power aýtdy.

Rezolýusiýanyň BMG-niň gadagançylyk girizmäge ygtyýarly agzalary, ýagny Wenadaky gepleşiklere gatnaşan ýurtlaryň arasynda Britaniýanyň, Fransiýanyň, Hytaýyň, Orsýetiň we ABŞ-nyň wekilleri tarapyndan makullandy.

14-nji iýulda irden prezident Barak Obama Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu bilen telefon arkaly gepleşip, ABŞ-nyň Ysraýylyň howpsuzlygyna goldawyny bildirdi.

Ak Tamyň maglumatyna görä, Eýran boýunça ylalaşygyň “Eýranyň terrorizmi goldamagyna we Ysraýyla howp salmagyna bolan aladalanmalary gowşatmaýandygyny” Obamanyň Netanýahu aýdypdyr. Netanýahu Eýranyň ýadro programmasy boýunça ylalaşygy “ýaramaz ýalňyşlyk diýip atlandyrdy”.

XS
SM
MD
LG