Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýada ‘Al Kaýdanyň’ wekili öldürildi


Muhsin al-Fadhli

Muhsin al-Fadhli

“Al-Kaýda” bilen uzak wagtlap işleşen, Siriýadaky bazasyndan Günbatara garşy terrorçylykly hüjümleri planlaşdyran Muhsin al-Fadhliniň ABŞ-nyň howa zarbasynda iki hepde mundan öň öldürlendigini, Pentagon 21-nji iýulda habar berdi.

Dünýä derejesinde gözlegdäki terrorçylykda esasy güman edilýänleriň biri Muhsin al-Fadhli, 8-nji iýulda Siriýada Allepodan günbatarda ýerleşýän Sarmada ulagly syýahat edýän wagtynda howa zarbasyna duçar bolupdyr.

Fadhli 2002-nji ýylyň oktýabr aýynda Kuweýtiň Faylaka adasynda ABŞ-nyň harby deňizçilerine we Fransiýanyň “Limburg” gämisine garşy hüjüme gatnaşypdy.

XS
SM
MD
LG