Sepleriň elýeterliligi

Resmiler Molla Omar 2013-de öldi diýýärler


Molla Omar

Molla Omar

Owganystanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň resmisi 29-njy iýulda AÝ/AR-nyň Azat Owganystan gullugy bilen söhbetdeşliginde “Talybanyň” lideri Molla Muhammad Omaryň 2013-nji ýylda ölendigini tassyklady.

Adyny tutmazlyk şerti bilen söhbetdeş bolan resmi goşmaça maglumat bermedi.

Owganystanyň Birinji telekanalynyň, öz hökümetdäki çeşmesine salgylanyp beren habarynda, Molla Omaryň ölümi barada maglumatyň owgan hökümetine Pakistan tarapyndan berlendigi we “Talybanyň” lideriniň öldürilendigi aýdyldy.

Germaniýanyň DPA habar agentligi ady agzalmadyk owgan resmisine salgylanyp, “Talybanyň” gizlinlikdäki lideriniň iki ýyl mundan öň Pakistanda kesel zerarly ölendigini habar berdi.

BBC-niň Kabuldaky habarçysy Owganystanyň prezidentiniň edarasyndaky çeşmeleriň, şeýle-de Owganystanyň aňtaw resmileriniň Molla Omaryň iki ýa üç ýyl mundan öň ölendigini tassyklandygyny mälim etdi.

Molla Omaryň ölümi barada habarlar mundan öň birnäçe gezek peýda bolupdy, emma owgan resmileri ilkinji gezek bu habary 29-njy iýulda, açyk görnüşde bolmasa-da, tassykladylar.

Muňa garamazdan, Kabulda resmiler maglumaty seresaplylyk bilen, özlerine gatnaşygy aradan aýryp, aýan etdiler.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Ganiniň metbugat wekili Zafar Haşemi 29-njy iýulda Kabulda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda: “Bize ‘Talybanyň’ lideri Molla Omar barada maglumat gowuşdy. Şu wagt biz muny tassyklap ýa inkär edip bilmeýäris. Biz maglumatlary öwrenýäris” diýdi.

Bu maglumatlara Owganystanyň “Talybany” hereketi tarapyndan derhal reaksiýa bolmady.

“Talybanyň” resmi metbugat-wekili Molla Omaryň ölümini ençeme gezek ret edipdi.

Emma “Talybandan” bölünen we owgan hökümeti bilen parahatçylyk ugrundaky gepleşikleri goldamaýan “Fidai Mahaz” topary Molla Omaryň ölendigini we onuň ýerine “Talybanyň” ýolbaşçysynyň orunbasary molla Akhtar Mohammad Mansuryň geçendigini geçen hepdede habar berdi.

Molla Omaryň ölümi baradaky habaryň Kabulyň resmileri tarapyndan tassyklanmagy aýgytly pursata, ýagny “Talybanyň” ýolbaşçylarynyň we owgan hökümetiniň arasynda parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň ikinji tapgyrynyň 31-nji iýulda Pakistanda geçirilmegi üçin bellenen wagta gabat geldi.

15-nji iýulda “Talybanyň” resmi websaýtynda Molla Omaryň adyndan beýannama çap edilip, parahatçylyk ugrundaky gepleşiklere goldaw bildirildi. Bu beýannama, “Talybanyň” ähli daşary ýurtly harbylar Owganystany terk edýänçäler, parahatçylyk baradaky gepleşikleriň manysy ýok diýip öňe sürýän adatdaky tutumyna garşy gelýär.

Gepleşikleriň birinji tapgyry 7-nji iýulda Yslamabadyň golaýyndaky Murree diýen ýerde ABŞ-nyň we Hytaýyň resmileriniň howandarlygynda geçirilipdi.

“Talybanyň” delegasiýasynyň bu saparyna Molla Mansur tarapyndan baştutanlyk edilipdi.

XS
SM
MD
LG