Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÖYH YD-e kasam etdi


Özbegistanyň Yslam hereketi “Yslam döwleti” toparyna ygrarlylygyny bildirdi.
Özbegistanyň Yslam hereketi “Yslam döwleti” toparyna ygrarlylygyny bildirdi.

Internetde Özbegistanyň Yslam hereketi (ÖYH) toparynyň “Yslam döwleti” toparyna we onuň ýolbaşçysy Abu Bakr Al-Bagdadä öz ygrarlylygyny yglan edýändigini görkezýän wideoýazgy peýda boldy.

2,5 minutlyk bu wideoda ÖYH-nyň ýolbaşçysy Usmon Gazi “mundan beýläk özleriniň [ÖYH] diňe bir hereket bolmak bilen çäklenmän, eýse bir döwlete öwrülendiklerini” aýdýar.

Ol indi özleriniň “Yslam döwletiniň çägindäki Horasan welaýatynyň adamlarydygyny” öňe sürýär. Gepiň gerdişine görä aýtsak, Horasan - bu häzirki Türkmenistanyň, Eýranyň, Owganystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň territoriýalaryny öz içine alan taryhy bir sebitiň adydyr.

Belläp geçsek, mundan ozal hem Özbegistanyň Yslam hereketi toparynyň “Yslam döwleti” diýilýäniniň düzümine goşulmak isleýändigi ýa-da goşulandygy barada dürli maglumatlar peýda bolupdy.

2014-nji ýylyň sentýabrynda ÖYH-nyň websaýtynda çap bolan maglumatda Gazi "Yslam halyflygynyň tarapyna geçýändiklerini" mälim edipdi.

Şu ýylyň mart aýynda Owganystanyň demirgazygynda söweşýän ÖYH-nyň jeňçileriniň hataryndandygyny öňe sürýän Sadulla Ürgenji atly bir adam toparyň "Yslam döwleti" diýilýäniniň lideri Bagdadiniň ýolbaşçylygyny ykrar edýändigini mälim edipdi. Emma şol pursat bu beýanat Gaziniň özi tarapyndan edilmändi.

Soňky beýanat bu baradaky ähli şübheleri bir ýana atdy.

Bu aralykda Özbegistanyň Yslam hereketi topary özüniň uzak wagt ýarany bolan "Talybana” hem öz nägileligini bildirip beýanat ýaýratdy.

Özbegistanyň Yslam hereketi topary 2-nji awgustda beýanat arkaly "Talyban" hereketini aldawda we dildüwşükde aýyplady. Şeýle-de ÖYH “Talybanyň” ozalky lideriniň ölmegi bilen bagly has açyk maglumatlaryň berilmegini sorady.

Bu beýanatda “Talybanyň” ozalky lideri Molla Muhammad Omaryň ölümi açyk bir görnüşde sorag astyna alynýar.

Owgan resmileri 29-njy iýulda “Talyban” hereketiniň lideri Molla Omaryň 2013-nji ýylda Pakistanyň Karaçi şäherindäki keselhanada bejergi alýan mahaly aradan çykandygyny mälim edipdiler.

“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid bu beýanatyň ertesi Molla Omaryň hassalyk sebäpli ölendigini tassyklady. Emma Molla Omaryň haçan we nirede ýogalandygy barada hiç hili maglumat berilmedi.

ÖYH-nyň ýaýradan beýanatynda Molla Omaryň ölümi bilen bagly “Talybanyň” ýaýradan beýanatyna “bil baglap bolmaýandygy” bellenilýär. Şeýle-de ÖYH “Talybany” Pakistanyň aňtaw gullugy bilen işleşmekde aýyplaýar.

Özbegistanyň Yslam hereketi topary ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň terror toparlarynyň sanawyna goşuldy. Ol Merkezi Aziýa döwletlerinde we Russiýada gadagan edildi.

XS
SM
MD
LG