Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÖYH we “Talyban” agzyny alardýar


Özbegistanyň Yslam hereketi toparynyň jeňçileri
Özbegistanyň Yslam hereketi toparynyň jeňçileri

Özbegistanyň Yslam hereketi (ÖYH) topary "Talyban" hereketini aldawda we dildüwşükde aýyplady. Şeýle-de ÖYH “Talybanyň” ozalky lideriniň ölmegi bilen bagly has açyk maglumatlaryň berilmegini sorady.

Owganystanyň “Talyban” hereketinden edilen bu talaplar 2-nji awgustda beýanat arkaly mälim edildi. Gürrüňi gidýän beýanat 4-nji awgustda e-meýl arkaly Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna hem gowuşdy.

Bu beýanatda “Talybanyň” ozalky lideri Molla Muhammad Omaryň ölümi açyk bir görnüşde sorag astyna alynýar.

Owgan resmileri 29-njy iýulda “Talyban” hereketiniň lideri Molla Omaryň 2013-nji ýylda Pakistanyň Karaçi şäherindäki keselhanada bejergi alýan mahaly aradan çykandygyny mälim edipdi.

“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid bu beýanatyň ertesi Molla Omaryň hassalyk sebäpli ölendigini tassyklady. Emma Molla Omaryň haçan we nirede ýogalandygy barada hiç hili maglumat berilmedi.

ÖYH-nyň ýaýradan beýanatynda Molla Omaryň ölümi bilen bagly “Talybanyň” ýaýradan beýanatyna “bil baglap bolmaýandygy” bellenilýär. Şeýle-de ÖYH “Talybany” Pakistanyň aňtaw gullugy bilen işleşmekde aýyplaýar.

“14 ýylyň dowamynda yslam jemgyýetine biziň gadyrly ýolbaşçymyz Molla Muhammad Omaryň durmuşy we ölümi barada ýalan maglumatlar berildi. Onuň ölümi bilen bagly ýaýradylan soňky beýanat hem muňa şaýatlyk edýär” diýip, beýanatda nygtalýar.

ÖYH Molla Omaryň ölümi bilen bagly doly maglumatlaryň berilmegini sorap, “ähli talaplarynyň berjaý ediljekdigine umyt baglaýandygyny” hem belleýär.

Özbegistanyň Yslam hereketi topary ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň terror toparlarynyň sanawyna goşuldy. Ol Merkezi Aziýa döwletlerinde we Russiýada gadagan edildi.

Owganystanda we Pakistanda hereket edýän bu toparyň “Al-Kaýda” we “Talyban” jeňçileri bilen baglarynyň bardygy aýdylýar. Şu ýylyň başynda ÖYH “Yslam döwleti” toparyna ygrarlydygyny mälim etdi.

“Talyban” “Yslam döwleti” toparynyň Owganystanda hereket alyp barmagyny açyk bir görnüşde ýazgardy.

“Talyban” iýun aýynda “Yslam döwleti” toparynyň liderine hat ýollap, onda “Amerikalylara we onuň ýaranlara garşy jyhadyň bir baýdagyň aşagynda alnyp barylmalydygyny” aýtdy.

“Talybanyň” ýolbaşçysynyň şol wagtky orunbasary Molla Aktar Mohammad Mansuryň gol çekip ugradan hatynda: “Siziň uzak aralykdan kabul edýän kararlaryňyz dini alymlaryň, mujaheddinleriň goldawyny ýitirer. Öz gazananlaryny goramak üçin Yslam Emirligi [“Talyban”] hereket etmäge mejbur bolar” diýilýär.

Bu hat “Talybanyň” websaýtynda puştu, udru, arap we dari dillerinde çap edildi.

XS
SM
MD
LG