Sepleriň elýeterliligi

Dollar çäklendirmeleri artýar


Täze düzgüniň girizilmegi bilen walýuta “gara bazarynyň” müşderileriniň sany hem köpelipdir.

Täze düzgüniň girizilmegi bilen walýuta “gara bazarynyň” müşderileriniň sany hem köpelipdir.

Paýtagtyň walýuta alyş-çalyş nokatlarynda ABŞ-nyň dollaryny satyn almagyň täze düzgüni girizildi. Täze düzgün barada walýuta alyş-çalyş nokatlarynyň käbirlerinde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdirligi tarapyndan 31-nji iýulda çykarylan 293-nji nomerli buýrugy asyldy.

Bu buýruga laýyklykda, nagt milli pula her adama satylýan daşary ýurt pulunyň möçberi bir aýyň dowamynda bir müň ABŞ dollary möçberinde çäklendirilýär. Bu buýrukda aýdylyşy ýaly, nobatdaky aýda peýdalanylmadyk walýuta limiti indiki aýlara geçmeýär.

Bu buýrukdan çen tutulsa, her bir adam walýuta alyş-çalyş nokatlarynda ýylyň dowamynda 12 müň dollary satyn alyp bilýär. Bu buýrugy berjaý etmek üçin, walýutany satyn alan adamynyň ýörite maglumat bazasyna girizilip, şol bir adam şol bir aýda çäklendirilen summadan artyk walýuta satyn alyp bilmezi ýaly gözegçilik edilýändigini paýtagtyň “Ors bazaryndaky” walýuta alyş-çalyş nokadynyň işgäri gürrüň berýär.

Walýuta babatynda girizilen bu täze çäklendirmäniň netjesinde walýuta alyş-çalyş nokatlaryndaky nobatlar has-da azaldy. Häzir olarda nobatlar ýok diýen ýaly. Şol bir wagtda hem bu nokatlara öz garyndaşlary bilen gelýänler hem köpeldi. Hatda, garry enelerini, atalaryny alyp gelýänler hem bar.

“Esasanam, daşary ýurtlara ownuk söwda etmäge gidýänler şeýle edýärler. Ýogsa, adam başyna müň dollar [iş üçin] ýetenok” diýip, paýtagtyň ýaşaýjysy Mergen aýdýar.

Şol bir wagtda hem bu täze düzgüniň girizilmegi bilen walýuta “gara bazarynyň” müşderileriniň sany hem köpelipdir. Il içinde “dollarçylar” diýip at alan bu walýuta “gara bazarynyň” wekilleri azaldylan-da bolsa, olary entäk bazarlarda görmek bolýar.

“Dollarçylarda” banklardaky ýaly çäklendirme ýok. Walýutany çäksiz satyn alyp bolýar. Gara bazardaky dollaryň nyrhy resmiden birneme ýokary satylýar” diýip, Mergen bu barada gürrüň berýär.

Ýatlap geçsek, ABŞ-nyň dollarynyň söwdasy babatynda çäklendirmeler geçen ýylda girizlip başlanypdy. Geçen ýylyň ahyrynda amerikan dollarynyň diňe möçberi däl-de eýse walýutany satyn almagyň ýer çäklendirilmesi hem girizildi.

Ýagny, her bir türkmenistanly ABŞ-nyň dollarny diňe öz ýazgy-da duran ýerindäki walýuta alyş-çalyş nokatlarynda satyn alyp bilýär. Şol sebäpden şondan bäri ABŞ-nyň dollaryny walýuta alyş-çalyş nokatlaryndan pasportyňy görkezip satyn almaly.

Şol bir wagtda hem ABŞ-nyň dollarynyň söwdasy babatynda girizlýän çäklendirmelerdir, düzgünler barada resmi metbugatda habar berilmeýär. Hatda olaryň käbirleri barada walýuta alyş-çalyş nokatlarynda hem hiç hili bildirişdir dokument asylmaýar.

Ýokarda agzalan täze düzgün baradaky bildiriş hem hemme walýuta alyş-çalyş nokatlarynda asylmandyr. Asla bu düzgüniň girizilmeginiň sebäpleri barada hem resmi düşündiriş beýan edilmeýär.

Walýuta alyş-çalyş nokatlarynyň işgärlerinden bu barada soralanda bolsa, olar diňe “dollar az” diýip jogap berýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG