Sepleriň elýeterliligi

Prezident: Metbugatda gödek ýalňyşlyklar goýberilýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, ýurduň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleriniň işinden düýpli närazylyk bildirip, degişli ýolbaşçylary tankyt etdi we olaryň käbirlerini wezipeden boşatdy.

Geçen anna güni geçirilen Ministrler kabinetiniň ýygnagynda ýurduň “Altyn asyr” telekanaly boýunça görkezilen çykyşynda prezident premýer-ministriň Metbugat we medeniýet işleri boýunça orunbasary Maýsa Ýazmuhammedowa ýüzlenip şeýle diýdi: “Soňky döwürde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar serişdeleri ýaramaz işleýär. Gazet-žurnallarda berilýän materiallarda köp sanly gödek ýalňyşlyklara ýol berilýär. Häzirki döwrüň möhüm meselelerini gozgaýan makalalar çap edilmeýär, ýurdumyzda geçirilýän özgerişler hem ýaramaz beýan edilýär”.

Tankydy pikirlerde gödek ýalňyşlyklar diýlende nämäniň göz öňünde tutulandygy hakda jikme-jik maglumat berilmeýär, netijede yzygiderli gaýtalanýan şeýle tankytlarda prezidentiň nämäni göz öňünde tutýandygy belli bolman galýar.

Tankytlaryň dowamy

Ol şol bir wagtyň özünde-de Türkmenistanda iň bir kämil enjamlar bilen abzallaşdyrylyp, ýakynda ulanmaga berlen metbugat öýüniň türkmen metbugatynyň hiliniň gowulanmagyna o diýen täsir ýetirmändigini aýdyp, öz tankydy belliklerini ýene şeýle sözler bilen dowam etdirdi: “Bu toplum hem talaba laýyk işlemeýär, gazet- žurnallaryň çap edilişinde öňküden o diýen tapawut duýulmaýar, çykarylýan metbugatyň hili hem öwerlikli däl, köplenç gazet-žurnallar hem wagtyndan gijikdirilip çykarylýar”.

Bu tankydy garaýyşlaryň yzy bilen Berdimuhamedow “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň baş redaktory Aman Saryýewi wezipesinden boşadýandygyny we onuň ornuna mugallymlar gazetiniň ýolbaşçysy Maýa Alymowany belleýändigini aýtdy.

Türkmen senzurasynyň ýa-da häzirki wagtda oňa resmi at berlişi ýaly Metbugatda döwlet syrlaryny goramak boýunça komitetiň ýolbaşçysyna, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygyna hem “işinde goýberen kemçilikleri üçin” diýen kesgitleme boýunça käýinç yglan edildi.

Mundan ozal

Käýinçden “öz garamagyndaky edaralara gözegçiligi gowşadandygy sebäpli” diýen kesgitleme boýunça Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Maýsa Ýazmuhammedowa hem öz ýetdik paýyny aldy.

Tankydy bellikler bilen bir hatarda edil agzalýan Ministrligiň garamagynda dünýäniň dürli ýurtlarynda çäreleriň geçirilendigi, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20-ýyllygyna bagyşlanyp Ermenistanda, Hytaýda we käbir beýleki ýurtlarda dürli dabaralaryň gurnalandygy hem aýdyldy.

Prezidentiň metbugat baradaky tankydy belliklerine gaýdyp gelsek, ol bu hili garaýyşlaryny yzygiderli beýan edip gelýär. Meselem, Ýazmuhammedowanyň iş başarnygy mundan öň 2011-nji ýylyň sentýabr aýynda hem prezident tarapyndan tankyt edilipdi.

Şol tankydy bellikden soňra telim gezek dürli metbugat serişdeleriniň ýolbaşçylary çalşyldy, olaryň aglabasy “işinde göýberen kemçilikleri üçin” diýen kesgitleme boýunça wezipelerinden boşadyldy, ýa-da käýinç aldy.

“Kemçilikler”

Emma “kemçilikler” diýlende, nämeleriň göz öňünde tutulýandygy, gazet-žurnallardan nämeleriň talap edilýändigi, türkmen metbugatynyň öz professional işini nädip kämilleşdirmelidigi barada hiç hili anyk zat aýdylmaýar, bu barada iň bärkisi halk köpçüligine hiç bir takyk maglumat berilmeýär.

Şol bir wagtyň özünde-de döwlet eýeçiligindäki metbugatyň işiniň, türkmen žurnalistikasynyň derejesiniň prezidenti asla kanagatlandyrmaýandygy – köre hasa. Emma bu ýagdaý ýyllar boýy üýtgemän gelýär. Netijede Türkmenistanda şol bir kemçilikler bilen şol bir tankyt gaýtalanyp, pelegiň çarhy ýaly irginsiz aýlanyp dur.

Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça dünýäde iň ýapyk ýurtlardan biri diýilip hasaplanýar, Metbugat öýi guramasynyň sanawynda Türkmenistan iň ýaramazlaryň arasynda ikinji orunda durýar.

Serhetsiz Reportýorlar guramasynyň, internet azatlygy boýunça ýaýradýan hasabatynda Türkmenistanyň prezidenti internetiň düşmanlary diýen sanawda agzalýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG