Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa hüjümçini ele salan adamlary sylaglady


Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland ABŞ-nyň üç raýatyna we bir britaniýala sylag gowşurýar.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland ABŞ-nyň üç raýatyna we bir britaniýala sylag gowşurýar.

Fransiýa ýolagçy otlusynyň içinde ýaragly adamy ele salan üç amerikalyny we bir britaniýalyny ýurduň iň beýik sylagy bilen hormatlady.

24-nji awgustda Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland Abraýly legionyň ordenini ABŞ-nyň piloty Spencer Stona, Milli gwardiýasynyň agzasy Alek Skarlatosa we olaryň dosty Anthony Sadlere gowşurdy.

Bu üç adam otlynyň içinde eli ýaragly hüjümçiniň geçen wagtynda ony ele saldylar. Britaniýaly biznesmen Kris Norman hem ýakalaşyga goşulyşdy.

Marokkoly 26 ýaşly hüjümçi Aýoub El-Khazzani Fransiýanyň terrora garşy polisiýasy tarapyndan sorag edilýär.

21-nji awgustda Amsterdamdan Pariže baran şol otluda 500 çemesi ýolagçy bardy.

XS
SM
MD
LG