Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Putiniň, Berluskoniniň cakyr datmagyny derňeýär


S.Berluskoni "Massandra" kärhanasynda, 11-nji sentýabr, 2015.
S.Berluskoni "Massandra" kärhanasynda, 11-nji sentýabr, 2015.

Ukrainanyň prokurorlary Orsýet tarapyndan eýelenen Krym ýarymadasynda çakyr kärhanasynyň müdirine garşy jenaýat işini gozgamaga taýýarlanýarlar. Ady belli “Massandra” çakyr kärhanasynyň müdiri Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Italiýanyň öňki premýer-ministri Silwio Berluskoni üçin ýaşy 240 ýyllyk çakyrly çüýşäni açmakda aýyplanýar.

Putin we Berluskoni geçen dynç günlerini Krymda geçirdiler we gadymy harabalyklara syýahat edip, ýarymadanyň çakyr öndürýän “Massandra” kärhanasyna bardylar. Orsýetiň Krym ýarymadasyny 2014-nji ýylda anneksiýa edip, öz düzümine goşmaynyň yzýany döwlet eýeçiligine alnan “Massandrada” örän seýrek, ýaşy 200-den geçýän çakyrlar we şeraplar saklanýar.

Orsýetiň telewideniýesi Berluskoniniň ýaşy 1775-nji ýyla degişli Jerez de la Frontera çakyrly çüýşä seredip, kärhananyň müdiri Ýanina Pawlenkodan ony dadyp görmegi soransoň çüýşäniň açylandygyny görkezdi.

Krymyň anneksiýa edilmeginden ozal “Massandra” kärhanasynda agzalan çakyryň bäş çüýşesi bardy. Onuň ýene iki çüýşesi Sotheby’s auksionynda 1990-njy we 2001-nji ýyllarda satylypdy. Bir çüýşäniň bahasy 100-150 müň amerikan dollaryna barabar.

XS
SM
MD
LG