Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko: Uruş günde $5 milliona durýar


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, Nýu Ýork, 27-nji sentýabr, 2015. (©Shutterstock)
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, Nýu Ýork, 27-nji sentýabr, 2015. (©Shutterstock)

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko ýurduň gündogarynda orsýetçi separatistlere garşy alnyp barylýan urşuň günde 5 million dollara durýandygyny we munuň ýurduň ösüşi bilen baglanyşykda hasaba alynmalydygyny aýtdy. Poroşenko bu barada BMG-niň sammitinde 27-nji sentýabrda eden çykyşynda aýtdy.

Poroşenko 2014-nji ýylyň başlanan urşuň ýetiren zeperiniň Ukrainanyň “ykdysady mümkinçilikleriniň bäşden bir bölegine barabardygyny” belledi.
Poroşenko Ukrainanyň gündogarynda Orsýet tarapyndan goldanýan gozgalaňçylaryň müňlerçe adam üçin “garyplygyň täze bir görnüşini, duýdansyz bir garyplygy döredendigini” aýtdy.

Onuň bu çykyşy Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň 10 ýylyň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasyna ilkinji gezek gelmeginiň öňüsyrasynda edildi. Kreml Putiniň öz çykyşynda Ýakyn Gündogarda ekstremizme garşy göreşe ünsüni gönükdirjekdigini habar berdi.

TASS agentligi Poroşenkonyň çykyşynyň dowamynda Orsýetiň resmi toparynyň birinden başga ähli agzasynyň protest hökmünde maslahaty terk edendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG