Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şahyryň dostlary


Şahyr Gurbannazar Ezizow.
Şahyr Gurbannazar Ezizow.

30-njy sentýabr Gurbannazar Ezizowyň hatyra güni

Şahyr Gurbannazar Ezizow ýeke ýigitdi. Ýöne onuň töweregindäki ýaly köp dost-ýoldaş başga bir ýazyjy ýa şahyrda bolmady. Bu ýagdaýy göreniňde, Magtymgulynyň “Il-ulusdyr dosty-ýary ýekäniň” diýen sözi ýadyňa düşýärdi. Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow, Gara Seýitliýew ýaly ýaşuly wekillerden başlap, ýaş şahyrlar Ylýas Amangeldi hem onuň döwürdeşlerine çenli Gurbannazary eý görerdiler. Olaryň arasynda ruslardyr gaýry milletlerem azlyk edenokdy. Sebäbi onuň özi hemmä dostdy.

Dostlar – pikirdeşler

Kerim Gurbannepes, Mämmet Seýit, Naryman Juma, Çary Aşyr onuň agalary mysaly, gapdalynda durýardylar.

Annaly Berdi, Annaberdi Agabaý, Annasoltan Kekilowa, Halyl Kuly, Italmaz Nury, Kakabaý Ylýas, Näzik Annatyýewa, Saparmyrat Öwezberdi, Ylýas Hommat, Alty Akmämmet, Öwezmyrat Baba Gurbannazaryň egindeşleri hem galamdaşlary saýylýardy.

Şahyr Gurbannazar Ezizow we onuň aýaly Halnabat.
Şahyr Gurbannazar Ezizow we onuň aýaly Halnabat.

Gurbannazardan ýaş babatda kiçileriň arasynda Ahmet Gurbannepes hem Şiraly durýardy. Soňra Orazmyrat Gurdow, Kakabaý Gurbanmyradow, A. Atabaýew, N. Rejebow, O. Annaýew, B. Orazdurdyýewa, T. Sadykow, A. Bugaýew dagy Gurbannazary aga ornunda hem dost derejesinde sylaýardylar.

Şahyr olara buýsanýardy, dostlarynyň ruhdan düşmezligini, olaryň täze eser döretmegini arzuw edýärdi.

Dostlar, dostlar, ulus-ilim gam bilen,

Diýmez ýaly: “Bir depede dursuňyz”.

Sizi Magtymgulyň ruhy gorasyn.

Meni welin, hemmäňiziň ruhuňyz.

Gelim-gidimli gapy

60-70-nji ýyllar türkmen poeziýanyň dürli öwüşginlere baý bolan, gülläp ösen döwri saýylýar. Öňde-soňda türkmen edebiýatynda şahyrlaryň şolar ýaly köp wagty bolmandy. Şol döwürde ýaş şahyrlaryň, aýratyn-da başgaça pikir edýän zehinli şahyrlaryň sany birden artdy. Munda belli derejede Gurbannazaryň täsiri boldy.

Şahyr Gurbannazar Ezizowyň ejesi Gülnabat.
Şahyr Gurbannazar Ezizowyň ejesi Gülnabat.

Gurbannazar bilen oturyp-turşanlaryň ählisi dostlarymydy ýa-da däl, ony aýtmak kyn, ýöne şol köplük onuň poeziýasynyň dostlarydy. Onuň poeziýasyna hormat goýmaýan az-azdy.

Ikinji tarapdan, şol köplük oňa basa oturyp işlemäge maý bermeýän ekeni. Onuň wagtynyň köp bölegini dostlary alypdyr. Şahyr muňa gynanýar.

Agşamky haýp geçen minutlaryma,

Şeýdip başym ýaýkap ökünýän erte.

Gurbannazaryň ýanyna jemlenýänleriň arasynda gaty dereksiz, erkini araga aldyranlary-da bardy. Muňa nähili çydam edenine düşünmek kyn. Her halba, Gurbannazar töweregindäkileri ürküzmeýärdi, olary bölmeýärdi, olaryň nirelidigine, wezipelimi ýa wezipesizdigine seretmeýärdi, olar bilen özüni deň alyp barýardy. Şonuň üçinem şol köplük onuň daşyndan aýlanýardy.

Şahyr Gurbannazar Ezizow we kompozitor Nury Halmämmedow.
Şahyr Gurbannazar Ezizow we kompozitor Nury Halmämmedow.

Gurbannazardyr Eziz aga aradan çykanlaryndan soňra-da olaryň gapysynyň gelim-gidimi kesilmedi. Şahyr Ahmet Gurbannepes bilen suratkeş Tokar Tugur bu ýoluň saklanyp galmagy, şahyryň edebi mirasynyň diklenmegi ugrunda köp alada etdiler.

Gurbannazaryň bajasy hem ýakyn dosty Tokar Tugur olaryň howlusyndaky ammar şekilli tünegi dikläp, oňa göçüp bardy. Gurbannazarlara barýan ýol ýaňadan açyldy, olaryň myhmansöýerlik däbi dowam etdi.

Gurbannazar hem Nury

Şahyrdan galan beýik hazyna kompozitor Nury Halmämmedow ýaly çuň düşünen hem ony ýaňadan janlandyran bolmady. Şahyryň dostlary onuň ýokluk hasratyny çekýärkäler, Nury ol eserlerden ajaýyp aýdymlar döretdi. Şeýdip olara, şahyr aýtmyşlaýyn, ynsan kalbyna ýeter ýaly ganat berdi.

Bu hyzmata beýik bariton Atageldi Garýagdyýew hem goşuldy. Olar üç beýige öwrüldiler. Üç taýsyz güýç bir ýere jemlendi.

Şahyr Gurbannazar Ezizowyň gyzlary.
Şahyr Gurbannazar Ezizowyň gyzlary.

Gurbannazarda “Bir gün bag deý ýanyp-köýseň” diýen setir bilen başlanýan gysgajyk goşgy bar. N. Halmämmedow ony ajaýyp aýdyma öwürdi. Üns beren bolsaňyz, soňky bentden öňinçä N. Halmämmedow duýga aýratyn orun berýär.

Ony Nury goşdumy ýa beýik aýdymçy Atageldi Garýagdynyň täsirimi, bilmedim, ýöne aýdymçy “Dostlar!” diýip, bir bagyrýar welin, kalbyň lerzana gelýär. Aslynda goşguda “Dostlar” diýen söz ýok. Kompozitor bilen aýdymçy muny nädip goşup bilipdir! Akylyň haýran bolýar.

Belki, sungat şol haýranlykdan döreýändir.

Şahyr bir wesýet bilen ömrüni hem döredijiligini soňlady.

Söýüň meni — ýürek söýgi küýseýär,

Şeýle bir küýseýär — ýok çaky-çeni.

Ýekeje adama ýeterlik söýgi

Bilen

bir pursatlyk söýüň siz meni.

Maňa kän zat,

Uly bir zat gerek däl,

Eliňizi ýüregňize goýuň siz:

Size söýgi bilen ýüzlenýän günlem

Sözlerimi kesä çekmän söýüň siz.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG