Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Söwdagärleriň öňünde goýulýan täze talap


Aşgabadyň "Teke bazaryndaky" harytlar.
Aşgabadyň "Teke bazaryndaky" harytlar.

Türkmenistanda täze girizilen düzgüne görä, ir-iýmiş söwdasyny edýän iri we ownuk söwdagärler mundan beýläk Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan gurnalan ýörite okuw kursuny geçmeli bolarlar. Gürrüňi edilýän Birleşmäniň berýän maglumatyna görä, bu okuw kurslary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararyna laýyklykda geçirilýär.

Täze düzgüne görä, mundan beýläk ir-iýmiş söwdasy bilen meşgullanýan telekeçiler söwda etmek üçin zerur bolan ýörite lisenziýany almak üçin 4 gün dowam etjek hünär okuwyna gatnaşyp, ýörite sertifikaty, ýagny resmi şahadatnamany almaly bolarlar.

Bildiriş.
Bildiriş.

Bildirişde bu hünär okuwlarynyň irdenki, gündizki we agşamky kurslar görnüşinde günüň dowamynda üç gezek geçirilýändigi bellenilýär. Emma seminar kurslarynyň mazmuny, onda berilýän bilim we okuwyň maksady barada maglumat ýok. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmileri-de [bu soraglar] “seminarda belli ediler” diýen jogap bilen çäklendiler.

Kynçylyklar

Resmi maglumata görä, eger söwdagärlerde bu okuw kursuny geçendigi barada sertifikat bolmasa, onda gelejekde olar ýurduň salgyt bölüminde, banklarda, gümrük gullugynda öz işlerini doly çözüp bilmezler. Emma sertifikatsyz söwdagärleriň anyk nähili kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boljakdygy barada resmi bildirişde maglumat berilmeýär. Birleşmäniň resmileri hem bu barada takyk bir maglumat bermekden ýüz öwürdiler.

Şol bir wagtda Birleşmede ýylyň ahyrynda salgyt inspeksiýasyna hasabat bermäge baran telekeçilerden, geljek ýyla patendiňi uzaltmak üçin, gürrüňi edilýän hünär kursuny geçendigi barada dokumentiň hem talap ediljekdigini äşgär etdiler.

Söwdagärler bihabar

Ýokarda agzalan hünär okuwynyň şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri geçirilýändigine garamazdan, telekeçileriň ençemesi bu täze düzgünden bihabardygyny aýdýarlar.

“Men salgyt gullugyna baranymda, indiden beýläk Birleşmeden hem sertifikatyň alynmalydygyny bilip galdym” diýip, özüniň efirde adynyň agzalmazlygyny soran aşgabatly telekeçi aýdýar.

“Telekeçilik işine giriş” atly hünär okuwyna (seminara) ýazylmak üçin beýleki dokumentler bilen birlikde 160 manat möçberinde pul hem tölemeli.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabatdaky edarasynyň jaýynda asylan bildirişe görä, gürrüňi edilýän bu okuw kurslary Birleşmäniň binasynda ýerleşýän “Telekeçiler mekdebinde” geçiriler.

XS
SM
MD
LG