Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýfullin: Aşgabat ugruny ýitirene meňzeýär


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow we Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow, 2014.
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow we Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow, 2014.

8-nji oktýabrda Daşkentde türkmen-özbek gepleşikleri geçirilýär. Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň Özbegistana edýän resmi saparynyň iki ýurduň gatnaşyklarynda “möhüm ädim” bolup, “dürli ugurlardan hyzmatdaşlygy ösdürmek” boýunça dokumentleriň ençemesine gol çekiljekdigi resmi maglumatlarda aýdyldy.

Türkmen prezidentiniň Daşkende sapary Owganystanyň Türkmenistan, Özbegistan we Täjigistan bilen serhetdeş regionlarynda ýaragly toparlaryň aktiwleşmegine we merkezi aziýa ýurtlarynyň serhetlerine abanýan howp bilen bagly aladalanmalaryň güýçlenen wagtyna gabat geldi.

Şeýle ýagdaýda Türkmenistanyň we Özbegistanyň howpsuzlyk meselesine degişli nähili özara bähbitleri bolup biler?

Azatlyk Radiosy Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar we halkara gatnaşyklary institutynyň öňki müdiri Rafik Saýfullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň prezidentini Daşkende getiren sebäpler nämeler?

Rafik Saýfullin: Birinjiden, munuň, umuman, regionda ýagdaýyň howpsuzlyk meselesi bilen baglylykda özgermegine degişlidigi düşnükli. Meniň öz pikirime görä, Türkmenistan bu meselede gowşak halka bolup durýar. Sebäbi dürli sanlar, käte örän howply sanlar berilýär “YD” toparynyň 8,5 müň söweşijisiniň türkmen serhedinde jemlenendigi aýdylýar. Elbetde, Türkmenistan muny özbaşdak saklap bilmez. Bu ýerde kömek gerek bolar. Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Owganystan bilen serhedini goramak üçin häzir Moskwadan kömek gözleýär. Bu ýerde ”Kollektiwleýin howpsuzlyk boýunça ylalaşyk guramasynyň” çäginde käbir ylalaşylan borçnamalar bar. Türkmenistanda bu ýok we ol hiç kime bil baglap bilmeýär, oňa iş ýüzünde zerur kömek berjek hem ýok. Ol Özbegistandan başga kime ýüz tutsun, birinjiden, biz goňşular, ikinjiden, [Owganystan bilen arada] uzyn serhedimiz bar we ondan oňynlyga garaşyp bolmaýar. Şeýlelikde bu köpçülikleýin howatyrlanma döredýär.

Azatlyk Radiosy: Serhediň howpsuzlygyny üpjün etmekde Daşkent Aşgabada näme teklip edip biler?

Rafik Saýfullin: Bu onuň sorajak zadyna bagly. Daşkent çynlakaý harby-tehniki kömegi berip bilmez. Daşkent Owganystan bilen öz serhedine pugta gözegçilik edýär, şeýle-de Täjigistan bilen serhedine hem üns berýär. Türkmenistan hakynda aýdylanda, ýagdaý has çylşyrymly. Häzirki wagtda taraplaryň diňe ýagdaýy öwrenýändigini çak etmek mümkin. Umuman, Türkmenistanyň pozisiýasy babatynda aýdylanda, ol dogrudanam düşnüksiz. Men ýakynda Moskwa baranymda, ol ýerde-de ‘türkmenlere nähili düşünmeli’ diýen sowaly orta atýarlar. Olar kimdir birine bil baglaýarlar, emma kimedigi düşnüksiz. Olar mydama dürli derejelerde dürli ugurlardan gepleşikleri, maslahatlary geçirýärler, emma Aşgabadyň mundan beýläk nämä etjekdigi nämälim galýar. Ýöne türkmenleriň daýanara hiç kimi ýok.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistana ABŞ nähili kömek berip biler?

Rafik Saýfullin: Amerikanlar türkmenleriň göwnünden turmajak şertleri öňe sürüp bilerler. Sebäbi ABŞ-nyň energiýa göterijiler, Trans-Hazar gazgeçirijisi bilen bagly öňdengörüjilikli ykdysady bähbitleri bar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan näme üçin Orsýetden kömek sorap bilmeýär?

Rafik Saýfullin: Sebäbi Orsýet hem Türkmenistanyň öňünde öz şertlerini goýup biler, olar gazyň bahasyna we möçberine bagly bolup biler. Şeýlelikde türkmenler häzir ugruny ýitirip, ýol tapyp bilmän ýörene meňzeýärler. Şonuň üçin Türkmenistanyň prezidentiniň Daşkende goldaw ýa-da özara düşünişmekligi gözlemek üçin däl-de, Özbegistanyň reaksiýasyny anyklamak üçin gelendigini çak edip bolar. Özbegistan regionda iň uly ýurt bolup, onuň pozisiýasyna we pikirine köp zat bagly.

Azatlyk Radiosy: Özbegistan öz bähbitlerini hasaba almak bilen Türkmenistana nähili kömek hödürläp biler we öz kömegine derek Türkmenistandan näme sorap biler? Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Özbegistanda benzin ýetmezçiligi ýiti duýulýar, Türkmenistanda bolsa ýangyç arzan.

Rafik Saýfullin: Arzan benzin temasy eýýäm iki ýyl bäri dowam edýän mesele, eger Türkmenistan arzan bahadan nebit satmaga taýýar bolsa, bu Özbegistanda nebit bilen bagly dartgynlylygy gowşadyp bilerdi. Emma türkmenler geçen ýylda muňa razy bolmandy, emma olara başga ýurtlar Hytaý, Orsýet güýçli basyş edýärler. Olar bu basyşa indi garşy durup bilenoklar.

Azatlyk Radiosy: Owganystandan gelýän howplaryň öňüni almak üçin türkmen-owgan serhedini goramak meselesi Özbegistany näderejede gyzyklandyrýar?

Rafik Saýfullin: Özbegistan türkmen serhedini goramak üçin öz goşunlaryny iberip bilmez. Birinjiden, Özbegistanda şeýle resurslar ýok, Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedi örän uly. Ikinjiden, Özbegistanyň öz serhetçilerini ibermegi üçin kanuny esas ýok. Eger türkmenleriň ýüz tutan ýagdaýynda bu meseläniň tehniki çözgüdi üçin ençeme wagt gerek bolar. Türkmen-owgan serhedini bir göz öňüne getirip görüň. Men ol ýere köp gezek baryp gördüm. Ol tutuşlygyna diýen ýaly eleme-deşik. Serhetden tankly däl, eýsem eli awtomatly eşekli-de arkaýyn geçip bilýär. Şol sebäpden Özbegistan üçin serhet goramaly bolsa, onda Türkmenistan bilen aradaky serhedi gorany has amatly görünýär. Özbegistan üçin ilkinji nobatda öz ilatynyň howpsuzlygyny üpjün etmek, öz obýektlerini goramak möhüm. Özbegistanyň Owganystan bilen serhedini goramak has aňsat. Serhediň uzynlygy 160 kilometr, aradan derýa geçýär, ýurduň serhet goragyna degişli mobil sistemalar bar, tehniki üpjünçiligi hem oňat. Üstesine, Owganystanyň demirgazygynda ygrarly ilat ýaşaýar. Täjigistanyň Owganystan bilen aradaky ýagdaýy howply, Türkmenistanyňky hem şeýle.

XS
SM
MD
LG