Sepleriň elýeterliligi

Tagtabazar: Bankomat kösençlikleri


Tagtabazardaky işlemeýän bankomat.

Tagtabazardaky işlemeýän bankomat.

Tagtabazar etrabynyň bankomatlarynyň öňünde şu günler uly nobatlar emele gelýär. Nobata durup, nobatyň ýetýänçä bir sagatdan köpräk wagt geçýär. Nobatyň yzrakdan düşse bolsa bankomat kartyňdaky puluňy alýançaňam 1015 minut ýaly wagt gerek bolýar. Bankomatlaryň öňündäki nobatlar käte 100 adamdan hem geçýär.

Bankomatlaryň öňündäki nobatlar käte 100 adamdan hem geçýär.

Bankomatlaryň öňündäki nobatlar käte 100 adamdan hem geçýär.

Häzirki wagtda býujet edaralarynyň aglabasynyň aýlyk haklarynyň bank hasabyna goýulmagy bilen, ýeňillik diýlip döredilen düzgün indi adamlar üçin goşmaça kynçylyga öwrülip barýar. Bankomatda iri pullar tiz gutarýar, onsoň aýlyk haklaryny aljak bolýan adamlar ony maýda pul bilen üç-dört tapgyrda almaly bolýarlar. Bu bolsa öz gezeginde nobatyň has hem uzamagyna getirýär. Adamlar bu kösençligi etrabyň içinde ýerleşýän bankomatlaryň sanynyň azlygy bilen düşündirýärler.

Şu wagt etrap boýunça jemi bäş sany bankomat bar. Olaryň iki sanysy etrabyň Daýhan bankynda ýerleşýär, Halk we Türkmen banklarynyň hem hersinde bir bankomatdan goýlupdyr, Baş maliýe müdirliginde-de bir bankomat bar.

Bankomatlaryň öňündäki nobatlar.

Bankomatlaryň öňündäki nobatlar.

Emma bankomatlaryň aglabasy işlänok, ýa bolmasa içinde puly tiz gutaryp, soň wagty bilen pul salynmaýandygyny görse bolýar. Işlemeýän bankomatlaryň ýüzünde onuň işlemeýändigi ýazylyp goýlan bolsa, käbir banklarda kartyň içindäki puly barlamak üçinem pulsuz bankomatyň golaýyna goýberilmeýär. Tutuş bir etrapda, dogrusy, diňe iki, käte-de diňe Halk bankynda ýerleşdirilen bankomat kadaly işleýär. Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda berlen aýlygyny, baýramçylygyň gelip ýetendigine garamazdan, alyp bilmän kösenip ýörenler az däl.

Şeýle bankomatdan aýlygyny alyp bilmän ýörenleriň biri hem 25 ýaşlaryndaky Guwanç. Ol harby işgär bolup işleýär. Onuň işleýän ýeri etrap merkezinden takmynan 10 km uzaklykda ýerleşýär we oňa etrap merkezine gelip–gitmek, nobata durup pulsuz gaýtmak uly görgi. Ol bu barada Aazatlyk Radiosyna beren gürrüňinde şeýle diýýär: “Meniň işleýän ýerim uzakda, kärdeşlerimiň hemmesem aýlygyny bankomatdan alýar, emma welin iş ýerimizde ýa bolmasa golaýrakda hiç hili bankomat göz öňünde tutulmandyr. Her gezek bolsa 10 km taksili gidip-gelmek aňsat düşmeýär. Baýramçylyk ýetdi, ýöne pulumy entägem alyp bilemok, nobat kän”.

Degişli bank işgärleri käbir bankomatlaryň işlemeýänliginiň sebäbini bankomat merkezi bilen arabaglanyşygyň ýitýänligi bilen düşündirýärler. Bu kynçylygyň aýratynam etrabyň Daýhan we Türkmen bankynda köp duş gelýän ýagdýadygyny bankomatdan kösenýän adamlardan eşitse bolýar. Bank işgärleri bankomat pul bilen doldurylandan soň onuň işläp başlamagy üçin azyndan dört-bäş sagadyň gerek bolýandygyny aýdýarlar. Puldan doldurylan bankomatlaryň käbirleri-de, bankomat merkezi bilan aradaky baglanyşyk ýitip, tä bu baglanyşyk gaýtadan dikeldilýänçä işlemän durýar.

Häzir bank hasabyna, esasan, býujet edaralarynyň aýlyklary goýulýar we olar öz aýlyklaryny bankomatdan hususy bank kartlary bilen alýarlar. Indiki ýylyň başyndan bolsa etrabyň mugallymlarynyň aýlyk haklary hem olaryň bank hasabyna geçirilip, olar hem bankomatlardan peýdalanyp başlamaly bolarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG