Sepleriň elýeterliligi

'Aşgabat näme etjegini bilenok'


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdymuhamedow (s) we Hytaýyň prezidenti K.Jinping (ç), Aşgabat, 2013.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdymuhamedow (s) we Hytaýyň prezidenti K.Jinping (ç), Aşgabat, 2013.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Hytaýa eden iki günlük resmi saparyndan yzyna Aşgabada dolandy. Şol saparyň dowamynda dürli meseleler bilen birlikde özara söwda hyzmatdaşlygyny artdyrmak barada hem gürrüň edilipdir.

Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda söwda hyzmatdaşlygy diýlende ilki bilen gaz ýada düşýär. Sebäbi Hytaý Türkmenistanyň gaz eksporty boýunça ýeke täk söwda partnýory bolup durýar.

Türkmenistanyň ykdysady taýdan Hytaýa bolan bu garaşlylygy ýakyn we uzak möhletlerde Aşgabat üçin nähili netijeler berip biler?

Biz bu sorag bilen gyzyklanyp, Glasgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy we Türkmenistanyň Bitaraplylygy barada kitabyň awtory doktor Luka Açesçi bilen söhbetdeş bolduk.

Azatlyk Radiosy: Türkmen-Hytaý aragatnaşygy barada gürüň edilende, ilki bolup ýada düşýän zat - energiýa hyzmatdaşlygydyr. Emma prezident Berdimuhamedowyň häzirki saparynda bu meselede täze ylalaşyk hakda gürrüň bolmady, onda bu saparyň maksady näme bolup biler?

Dr. Luka: Men bu sapar bilen bagly ýaňyja ”Türkmenistan.ru-da” çap edilen käbir resmi habarlary okadym. Habarda Berdimuhamedowyň bu saparynyň maksadynyň iki ýurduň aragatnaşygyny täze tapgyra çykarmakdan ybaratdygy aýdylypdyr.

Men edil şu habara Türkmenistanyň Hytaýa bolan garaşlylygynyň täze tapgyry hökmünde baha bererdim. Sebäbi eger bu resmi sapar bilen bagly ýaňky maglumatda energiýa agzalmasa-da, perdäniň arkasynda näme bolýar diýen sorag keserip dur.

Meniň pikirimçe, Berdimuhamedow ýa-da bu iki ýurduň arasynda dowam edýän bir ýagdaý hakda gürrüň etmek üçin, ýagny Hytaý-Türkmenistan gaz turbasy barada pikir alyşmak üçin giden bolmaly, ýa-da algy-bergi barada gürrüň etmek üçin, ýa-da Transowgan gaz proýekti üçin karz pul sorap baran bolmaly.

Elbetde, bu saparyň detallary has soň ýüze çykar.

Azatlyk Radiosy: Garaşlylygyň täze tapgyry diýeniňizde, näme diýjek bolduňyz?

Dr. Luka: Gaz eksporty Türkmenistanyň girdejisiniň tas ählisini emele getirýär we Hytaý bolsa gaz boýunça Türkmenistanyň ýeke-täk söwda hyzmatdaşy, bu hyzmatdaşlygyň möçberiniň gelejekde diňe artmagyna garaşylýar. Bu maňa 90-njy ýyllarda Türkmenistanyň Orsýete bolan garaşlylygyny ýatladýar. Garaşlylyk diýenimde, edil şu ýagdaýa ünsi çekjek boldum.

Azatlyk Radiosy: Hytaýa ykdysady taýdan doly garaşly bolmak, Aşgabadyň ýakyn hem uzak möhletli bähbitlerini göz öňünde tutup aýtsak, iş ýüzünde nämäni aňladýar?

Dr. Luka: Islendik ýurda 100% garaşly bolmak, prosesiň ähli tapgyryna öz täsirini ýetirer. Sada söz bilen aýtsak, ol Aşgabadyň Hytaýa garaşly boljagyny aňladýar. Bu garaşlylyk söwda prosesinde, söwdanyň şertleriniň kesgitlenişinde we onuň detallarynda hem ýüze çykar.

Şeýle-de Türkmenistan üçin onuň Hytaýa akdyrýan gazy eksportynyň 100%-ni emele getirýän-de bolsa, Hytaý üçin Türkmenistandan alynýan gaz onuň importynyň 100%ni emele getirmeýär, bu hem Hytaýyň bu söwdadaky pozisiýasyny güýçlendirýär.

Azatlyk Radiosy: Garaşlylyk düşnükli, emma Türkmenistanyň häzirki kyn ykdysady ýagdaýynda kömege mätäçligi bar, şeýlede ýagdaýda onuň Hytaýdan başga çykalgasy barmy näme?

Dr. Luka: Hawa, Türkmenistanyň Günbatara gaz akdyrmagy häzirlikçe mümkin däl, Transhazar proýekti barada kän gürrüň edildi, emma ol başa barjaga meňzemeýär. Transowgan gaz proýekti barada hem soňky döwürde gürrüňler kän.

Elbetde, ol düýbünden mümkin däl diýip bolmasa-da, onuň başa barmagy gaty kyn, sebäbi Türkmenistan gurjak diýeni bilen-de,tehnologiýa taýdan ýeterlik mümkinçiligi ýok we Owganystanyň howpsuzlyk ýagdaýy bolsa iň esasy mesele bolup durýar.

Sözüň doly manysynda Türkmenistan şu wagt näme etjegini bilenok. Şeýlelikde Hytaýyň ýeke-täk söwda partnýory bolmagy Aşgabat üçin erbet ýagdaý. Emma, nätjek, Türkmenistanyň edip biläýjek işi, şu pursatdan peýdalanyp gysga möhletde alternatiw çykalga tapmak.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG