Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pariž: Dünýä liderleri sammite jemlendi


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon (ç), ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (ortada), Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland (s), Pariž, 30-njy noýabr, 2015
BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon (ç), ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (ortada), Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland (s), Pariž, 30-njy noýabr, 2015

Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland 30-njy noýabrda Parižde klimat boýunça sammiti açyp, 150 dünýä liderini klimat boýunça berk ylalaşyga çagyrdy.

Holland halkara duşuşygynyň ähmiýetiniň şeýle uly bolmandygyny aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon howanyň global derejede maýlamagynyň depginini saklamak maksadyna ýetmek üçin “has tiz” hereket etmelidigini belledi.

BMG-niň konferensiýasynda howanyň maýlamagyna sebäp bolýandygy aýdylýan bug gazlarynyň ýaýramagyny çäklendirmek boýunça 196 ýurduň arasynda ylalaşyga gelinmegi maksat edinýär.

Konferensiýa 30-njy noýabr we 11-nji dekabr aralygynda berk howpsuzlyk çäreleriniň berjaý edilmeginde geçirilýär.

XS
SM
MD
LG