Şu ýylyň sentýabr aýynda Awazada geçen Ýaşulular maslahatynda Türkmenistanda ilata berilýän mugt elektrik toguny, tebigy gazy we suwy mundan beýläk tölegli etmek teklip edildi. Şol bir wagtda käbir ýaşaýjylar ilatyň ýurtda sosial hyzmatlaryň tölegli edilmegine taýýar däldigini aýdýarlar.
Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň ýeňiş daýhan birleşiginden özüni Agajuma diýip tanyşdyran ýaşaýjy aýlyklaryň wagtynda berilmeýändigini, pensiýalaryň sosial hyzmatlary tölemäge ýeterlikli daldigini aýdýar. Ol bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.