Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ täze Eýran sanksiýalaryny yza çekýär


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

ABŞ Eýranyň ballistik raketa programmasy sebäpli Tährana garşy girizmekçi bolýan sanksiýalaryny yza süýşürdi, diýip “Wall Street Journal” neşiri habar berýär.

Gadagançylyklary yza çekmek baradaky karar täze sanksiýalaryň 30-njy dekabrda yglan edilmeginden soň Eýranyň özüniň raketa programmasy ugrundaky tagallalaryny güýçlendirmegine gabat geldi.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani ABŞ-nyň girizmekçi bolýan täze sanksiýalaryna jogap edip, özüniň goranmak ministrine ýurduň raketa programmasyny has tizlendirmegi tabşyryk beripdi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň administrasiýasy Eýranyň 10-njy oktýabrda orta aralyk üçin niýetlenen “Emad” kysymly raketlaryň synagyny geçirmegine jogap, gadagançylyklaryň täze tapgyryny taýýarlaýar.

BMG-niň sanskiýalara gözegçilik edýän edarasy ýadro ýaragyny götermäge ukyply “Emad” reketalarynyň synagynyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň kabul eden rezolýusiýasyna garşy gelýändigini mälim etdi.

“Wall Street Journal” neşiriniň we “Reuters” habarlar gullugynyň 30-njy dekabrda beren maglumatyna görä, täze sanksiýalar Eýrandaky, Gonk Kongdaky we Birleşen Arap Emirliklerindäki onlarça kompaniýalary we şahslary nyşana alýar.

XS
SM
MD
LG