Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik prezidenti gyzyny administrasiýa başlygy etdi


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň gyzy Ozoda Rahmon.
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň gyzy Ozoda Rahmon.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon öz gyzyny prezident administrasiýasynyň başlygy edip belläp, öz maşgalasynyň güýç-gudratyny öňdäki ýyllarda hem berkitmek maksady bilen edilýäne meňzeş ýene bir göçüm etdi.

Ozoda Rahmonyň prezident administrasiýasynyň başlygy edilip bellenendigi 27-nji ýanwarda yglan edildi.

Rahmonyň ýedi gyzynyň biri bolan 38 ýaşly Ozoda 2014-nji ýylyň maý aýyndan bäri ýurduň daşary işler ministriniň birinji orunbasary bolup işledi.

Ol Täjigistanyň Milli uniwersitetini gutaranyndan soň 2004-nji ýyldan 2006-njy ýyla çenli Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okady.

"Milletiň lideri"

Onuň kakasy Sowet Soýuzy dargap, Täjigistan garaşsyz bolanyndan bir ýyl soň, ýagny 1992-nji ýyldan bäri ýurda ýolbaşçylyk edip gelýär.

Dekabr aýynyň aýaklarynda Rahmon özüne "milletiň lideri" diýen ady berýän kanuna gol çekdi. Bu kanun boýunça ol we onuň maşgala agzalary ömürboýy kanun taýdan jogapkärçilige çekilip bilinmeýär. Kanuna girizilmegi göz öňünde tutulan başga bir üýtgetme referendum arkaly tassyklansa, onda ol prezidentlige, möhlet taýdan çäklendirmesiz, telim gezek saýlanyp bilinýär.

Ýöne Rahmonyň häkimiýeti geljekde öz maşgalasynyň elinde saklamak üçin, başga planlarynyň hem bar bolmagy mümkin. Mysal üçin, öten hepde kanun çykaryjylar konstitusiýa girizmeli bir düzedişi oňladylar. Onda prezidentlik üçin iň pes ýaşy 35-den 30-a getirmek göz öňünde tutulýar.

Muňa köplenç Rahmonyň iki oglunyň iň ulusy bolan 28 ýaşly Rustam Emomaliniň 2020-nji ýylda geçjek prezidentlik saýlawlaryna goşulmagy üçin edilen teklip diýip garalýar. Bu barada hem referendum geçmeli. Referendumyň geçiriljek wagty entek belli bolmasa-da, berk kontrollyk astyndaky ýurtda netijesi welin o diýen näbelli hem däl.

Rahmonyň garyndaşlary

2013-nji ýylda Täjigistanyň Gümrük gullugyna ýolbaşçylyk eden Rustam Emomali öten ýyl döwletiň korrupsiýa garşy göreş alyp barýan agentliginiň başlygy edip bellenildi.

Täjigistanda saýlawlar giňden ýaýran karamlyklar hakdaky gürrüňler bilen baglanyşykly bolýar.

Öňki sowet respublikalarynyň iň garyplarynyň biri bolan Täjigistanda uly resmi wezipeleri eýeleýänler we ýurduň düşewüntli söwda ulgamlaryna gözegçilik edýänler köplenç Rahmonyň garyndaşlary.

Mysal üçin, Ozoda Rahmonyň adamsy Jamollidin Nuralizoda Täjigistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary.

Prezidentiň bajasy Hasan Asadullozoda hem ýurduň iň uly söwda banky Oriýonbankyň başlygy. Aýdylyşyna görä, Täjigistanyň esasy eksport harydy bolan alýumin söwdasy şonuň elinde.

Sowet döwründe bir kolhoza ýolbaşçylyk eden Rahmon Orta Aziýada kän ýyllap häkimiýet başynda oturan prezidentleriň biri. Ol başgaça pikirlere köp çydamlylyk görkezenok. Halkara adam hukuklary toparlary, şeýle hem ýurduň içindäki tankytçylar ony adam hukuklaryny bozýanlykda aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG