Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat-Minsk: Söwda iki esse azaldy


Belarusyň Milli assambleýasynyň respublikan geňeşiniň başlygy Mihail Mýasnikowiç.

Belarusyň Milli assambleýasynyň respublikan geňeşiniň başlygy Mihail Mýasnikowiç.

Belarus bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdanyň möçberi öňküsinden iki esse pese gaçdy diýip, Belarusyň Milli assambleýasynyň respublikan geňeşiniň başlygy Mihail Mýasnikowiç aýdýar. Bu barada Belarusyň “BelTA” websaýtynda habar berilýär.

Mýasnikowiç ähli şertleriň syýasy derejede ylalaşylandygyna garamazdan, Türkmenistan bilen Belarusyň arasyndaky söwdanyň möçberiniň pese gaçandygyny belläp, “Bu ýagdaý hiç bir tankyda tap getirmeýär. Bu ýerde kynçylyklary tutaryk edinmegiň geregi ýok. Bu iş hiç mahalam aňsat bolmandy. Wise-premýer Anatoliý Kalinin ikimiz prezidente käbir ýolbaşçylaryň edýän işleriniň derejesiniň pesdigini habar bermek isledik” diýdi diýlip, gürrüňi edilýän belarus websaýtynyň 26-njy ýanwarda çap eden maglumatynda aýdylýar.

Gepiň gerdişine görä bellesek, Türkmenistan bilen Belarusyň arasynda dürli ugurlar boýunça, şol sanda sport we syýahatçylyk, ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyklar barada dokumentleriň birnäçesine gol goýlupdy.

Eksport edilýän harytlaryň möçberi pese gaçdy

2013-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli türkmen-belarus gepleşikleriniň dowamynda döwletara hyzmatdaşlyk boýunça ençeme ylalaşyga gol çekildi. Şol ylalaşyklar Türkmenistan bilen Belarusyň arasynda 2014-2015-nji ýyllar boýunça amala aşyryljak hyzmatdaşlyklary öz içine alýar.

Sişenbe güni Minskde geçirilen ýygnakda Belarusyň wise-premýeri Anatoliý Kalinin Belarusdan Türkmenistana eksport edilýän harytlaryň möçberiniň pese gaçandygyny, emma hödürlenýän hyzmatlaryň möçberiniň bolsa 44% artandygyny aýtdy.

Ol 2015-nji ýylda Belarusdan Türkmenistana bahasy 193,5 million amerikan dollaryna barabar bolan harytlaryň eksport edilendigini we dürli hyzmatlaryň hödürlenendigini sözüniň üstüne goşdy. Bu görkeziji 2014-nji ýylda 256 million amerikan dollaryna barabar bolupdy.

Türkmenistanda ykdysady ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy

Türkmenistanda manadyň hümmetiniň gaçmagy we uglewodorodlaryň, ýagny nebit-gazyň bahasynyň aşaklamagy netijesinde ykdysady ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy, Belarusyň bu ýurda eksport edýän harytlarynyň möçberiniň azalmagyny aklap bilmez diýip, Kalinin belleýär. Şol bir wagtyň özünde-de ol “Bellegprom” konserniniň Türkmenistana edýän eksportynyň möçberini 1,6 esse ($540 müňe çenli) artdyrandygyny aýdyp, onuň işine gowy baha berdi.

Türkmem mediasynyň maglumatyna görä, Lebap welaýatynda gurulýan kaliý zawody, ýagny dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kompleks Türkmenistan bilen Belarusyň bilelikde durmuşa geçirýän iň uly proýektidir. Bu kaliý dökün önümlerini öndürmek boýunça obýektiň gurluşygyna 2009-njy ýylda başlanypdy.

Belarusdan Türkmenistana eksport edilýän harytlaryň arasynda ýük ulaglary, ýörite maksatlar üçin ulanylýan ulaglar, ýol gurluşygy üçin niýetlenen tehnika, Garlykdaky Kaliý zawody üçin materiallar hem-de oba-hojalyk önümleri ýaly harytlar bar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG