Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Berdimuhamedow ömürlik prezidentlige ymtylýar’


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze taslamasynda prezidentlik möhleti bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaldylyp, prezidentiň aňry çäk ýaşy 70 bolmaly diýlip kesgitlenen ýaş çäklendirmesini-de düýbünden aýyrmak göz öňünde tutulýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Konstitusion komissiýanyň taýýarlan ýurduň Baş kanunynyň taslamasy duşenbe güni ýurduň metbugat serişdelerinde çap edildi.

Eýse, bu taslamada üýtgedilmegi göz öňünde tutulýan maddalara, Türkmenistanyň mundan beýläk eýelemegi mümkin syýasy ugry nukdaýnazaryndan nähili baha berip bolar?

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu barada Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Brýus Pannier bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Baş kanunyň teklip edilýän täze taslamasynda şol bir adamynyň näçe gezek prezidentlige dalaş edip biljegini çäklendirýän madda göze ilmeýär. Şeýle-de prezident möhlediniň 5 ýyldan 7 ýyla çenli uzaldylmagy teklip edilýär. Elbetde, häzirki döwürde bu diňe taslamadan ybarat, bu ýagdaýa, Türkmenistanyň mundan beýläk eýelemegi mümkin syýasy ugry nukdaýnazaryndan nähili baha berip bolar?

Brýus: Ilkibaşda bu prezident Berdimuhamedowyň häzirki prezident möhleti gutarandan soň näme etjek bolýanyny görkezýär. Ol häzirki günden häkimiýet başynda uzak wagtlap galmagyň aladasyny edýär. Onuň barybir uzak wagtlap häkimiýet başynda galjagy barada hiç hili şübhe ýokdy. Bu diňe onuň şol aladasyny kanunylaşdyrmak üçin edýän tagallasy. Edil häzirki döwürde bu taslama diýilse-de, halk köpçüligine hödürlenen teklibiň nähili tamamlanýandygyny bilýäris, ýagny oňa siz eýýäm kabul edilen karar diýip baha beriň.

Sebäbi bu teklip haçan-da parlamente hödürlense, parlamentiň bu teklibe ýok diýmejegini, ýa haysydyr bir maddasyny üýtgetmegi teklip etmejegini biz bilýäris.

Azatlyk Radiosy: Eger maksat prezidentiň ýolbaşçylyk möhletini uzaltmak bolsa, beýle kanuny üýtgetmek we ony halka hödürlemek ýaly çärelere baş goşmaga näme zerurlyk bar, bu maksady diňe teklibi parlamente ýa-da degişlilikdäki beýleki organa hödürlemek bilenem gazanyp bolard-a?

Brýus: Bu diňe Türkmenistana degişli ýagdaý däl, Merkezi Aziýada ýerleşýän beýleki ýurtlaram islendik prosesde ýurduň, hamana, demokratik ugurlardan barýandygyny görkezmäge synanyşýarlar. Olar ses berlişik geçirmek, ýa-da käbir maddalar boýunça parlamentde diskussiýa geçirmek bilen bu talaby berjay edýäris diýip çaklaýarlar.

Şol çäreler gaty sahnalaşdyrylan, haýsydyr bir zady sahnalaşdyrmakda Türkmenistandan öňe geçjek ýurt ýok. Onsoň gürrüňi edilýän şol prosesiň ýolbaşçynyň islegine laýyklykda tamamlanjagy – köre hasa.

Emma şeýle çärelere Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň ýolbaşçylary demokiratik proses diýip baha berýärler. Türkmenistana gaýdyp gelsek, edil şeýle temalaryň Nyýazowyň döwründe hem orta atylandygyny aýdasym gelýär.

Onuň döwründe Türkmenistanda diňe bir gezek ses berlişik bolupdy, olam garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda. Ondan soň ”Ýene prezident saylawlaryny geçirmelimi, geçirilse onuň möhleti näçe ýyl bolmaly?” diýen ýaly diskussiýalar başlanypdy.

Emma soňra bu diskussiýalary bir gyra süýşürip, Nyýazow ömürlik prezident bolmaly edildi. Ol ömürlik prezident diýlensoň, saýlaw diýen gürrüň ýurda ýat boldy. Elbetde, edil häzirki gün biz ýoluň başynda, mundan beýläk nähili boljagyny, prosesiň nähili dowam etjegini bilemizok. Ýagny, Berdimuhamedowyň ömürlik diýiljegi barha aýdyňlaşýar.

Taslamanyň parlament tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyljagy aýdylýar, prezidentlik möhletiniň, prezidentiň ýaşynyň gürrüňi edilmeli diýilýär, prezident bolmak üçin kandidatyň ýaşy 70-dan ýokary bolmaly däl diýen maddanyň ýatyryljagy barada gürrüňler bar.

Garaz, parlament bu diskussiýalary tamamlandan soňra, taslamanyň Ýaşulular maslahatynda geňeşilmegi mümkin, ýöne ol nirä hödürlense-de, onuň biragyzdan kabul ediljegine hiç hili şübhe ýok.

Azatlyk Radiosy: Gurbanguly Berdimuhamedowyň edil häzir - ikinji prezidentlik möhleti dowam edýär. Şeýle teklibiň edil häzirki gün orta atylmagynyň sebäbi näme bolup biler?

Brýus: Türkmenistanda prezidentlik saýlawlary öňümizdäki ýyl geçirilmeli dälmi? Öňki saýlaw 2012-nji ýylyň fewral aýynda geçirlipdi, ýagny nobatdaky prezidentlik saýlawlary 2017-nji ýylyň fewralynda geçirilmeli. Saýlawlaryň geçirilmegine bir ýyldanam az wagt galdy.

Pikirleniň, eger şu ýylyň dekabr aýynda, saýlawlara bir aý galanda şeýle çärelere girişilse, hakykatdanam, gaty täsirli bolardy. Häzir welin, prezident saýlawlaryna iň azyndan bir ýyl çemesi wagt bar. Diýmek, ediljek bolunýan işi, mümkin boldugyça, köpçüligiň karary hökmünde görkezmäge synanyşjakdyklary görünýär.

Gürrüň ediler, haýsy usulyň ýurt üçin bähbitli bolup, nämäniň bähbitli däldigi hakda gürrüň ediler. Garaz, bularyň hemmesi - sahnalaşdyrylan oýunlar.

XS
SM
MD
LG