Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Prezidentiň zähmet baradaky karary 'Konstitusiýa ters gelýär'


Aşgabatda zähmet çekýän türkmenistanly

Aşgabatda zähmet çekýän türkmenistanly

“Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiri “Aşgabat şäherine zähmet işini amala aşyrmaga gelýän şahsy taraplary hasaba almgayň meseleleri hakyndaky” prezident G.Berdimuhamedowyň kararydygy aýdylýan dokumenti çap etdi.

Şu ýylyň 13-nji fewralynda gol goýlan bu Karara laýyklykda, “Aşgabat şäherine zähmet işini amala aşyrmaga gelýän, Aşgabat şäherinde ýazga ýa-da bellige alynmadyk Türkmenistanyň raýatlaryny... Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde Aşgabat şäherinde zähmet işini amala aşyrmaga iş rugsatnamasy resmileşdirilenden soňra işe kabul etmäge (özbaşdak iş bilen meşgullanmaga) rugsat bermeli”.

Şol bir wagtda, Türkmensitanyň Konstitusiýasynda “Raýatlaryň zähmet çekmäge, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, sagdyn hem howpsuz zähmet şertlerine hukugy bardyr” diýilýär.

"Türkmenistanyň garaşsyz ýuristler bileleşigi" atly garaşsyz guramanyň agzasy Timur Misrihanow bu karara öz kommenterisini berdi.

Azatlyk Radiosy: Timur, ilki bilen prezidentiň bu Karary bilen baglylykdaky garaýyşlaryňyzy aýdaýsaňyz?

T.Misrihanow: Bu Kararyň prezidentiň goly bilen çykmagy bir täzelikdir. Mundan owal şular ýaly mazmunly dokumentler şäher häkimlikleriniň derejelerinde kabul edilýärdi.

Mysal üçin, mundan öň [Balkanyň] Türkmenbaşy şäheriniň häkimi şular ýaly Karary kabul edipdi. Bu täze düzgün ýurduň kanunçylygyna ters gelse-de, oňa görä bir adam işe alynmazdan owal, onuň kandidaturasyny şäher häkiminiň hut özi tassyklamalydy.

Meniň bilşime görä, bular ýaly çäklendirmeler diňe Aşgabatda we Türkmenbaşyda girizildi. Prezidentiň hut özüniň goly bilen çykan täze karar adamlaryň işlemek hukugyny has-da çylşyrymlaşdyrdy.

Azatlyk Radiosy: Timur, Kararda getirilýän kesgitleme ýurduň kanunçylygyna näderejede gabat gelýär?

T.Misrihanow: Kararyň maksadynyň “ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmakdygy” aýdylsa-da, bu, tersine, raýatlaryň iş mümkinçiliklerini çäklendirýär. Öz ýaşaýan ýerlerinde iş orunlarynyň bolmanlygy sebäpli, adamlar iş gözleginde uly şäherlere gidýärler. Häzirki karar bolsa olaryň iş tapmak ugrundaky tagallalaryny puja çykarýar.

Iň esasy bellemeli ýeri hem bu [Karar] Türkmenistanyň Konstitusiýasyna düýpgöter ters gelýär. Ýogsa, ýurduň Baş kanuny raýatlaryň işlemek, ýaşamak, erkin hereket etmek hukuklaryna kepil geçýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda raýatlaryň işlemek hukuklaryny düzgünleşdirýän başga-da kanunçylyklar barmy? Olarda näme diýilýär?

T.Misrihanow: [Bu Karar bilen] olar Türkmenistanyň Zähmet kodeksini hem bozýarlar. Zähmet kodeksinde ýaşaýan ýerine garamazdan, türkmenistanlylaryň, ýurduň islendik ýerinde zähmet çekmegine rugsat berilýär.

Azatlyk Radiosy: Timur, eger-de beýle bolsa, onda Türkmenistanyň prezidentiniň Karary ýurduň kanunçylyk kadalaryna ters gelip bilermi? Prezidentiň gol goýan Karary ýurduň kanunlaryndan üstünmi?

T.Misrihanow: Men başdan munuň mümkin däldigini aýdasym gelýär. Ýurduň Konstitusiýasy bar. Ol hem raýatlaryň zähmet çekmek hukugyny kepillendirýär. Galan kanundyr kararlar, şol sanda prezidentiň görkezmeleri hem ýurduň Baş kanunyna boýun bolaýmalydyr. Olar Konstitusiýa ters gelmeli däl.

Häzirki ýagdaýda Konstitusiýanyň maddalarynyň bozulýandygyny görýäris. Hawa, ýurtda adatdan daşary ýagdaý yglan edilende, prezidentiň käbir kararlary Konstitusiýanyň göz öňünde tutýan normalaryndan üstün bolup bilýär.

Emma häzir Türkmenisanda beýle ýagdaý ýog-a! Şol sebäpli kabul edilýän kararlar hiç bir görnüşde ýurduň Konstitusiýasyna ters gelmeli däldir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG