Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CPJ Gazak žurnalistiniň tussaglygyna aladalanma bildirdi


Seitkazy Mataew.
Seitkazy Mataew.

Hökümete degişli däl halkara topar - Žurnalistleri goramak boýunça komitet (CPJ) 22-nji fewralda Almatyda Gazagystanyň Žurnalistler birleşiginiň we Milli metbugat klubynyň başlygy Seitkazy Mataewiň tussag edilmegine aladalanma bildirdi.

Mataew we onuň ogly, “KazTAG” habar agentliginiň müdiri Aset Mataew 22-nji fewralda soraga çekilmek üçin tussag edilipdi.

Gazagystanyň Korrupsiýa garşy gullugy Seitkazy Mataewiň bidüzgünçilikde we salgyt galplygynda aýyplanýandygyny we eger günäli tapylsa, onuň 12 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilip biljekdigini aýtdy.

Mataewiň tussaglygy 23-nji fewralda hem dowam edýär, emma oňa garşy henize çenli resmi aýyplama bildirilmedi.

Žurnalistleri goramak boýunça komitetiň ýaýradan beýanatynda, topar gazak häkimiýetlerine Mataewiň we onuň oglunyň aýdylyşy ýaly jenaýat edendigini tassyklaýan delilleri görkezmäge ýa-da “olary yzarlamagy bes etmäge” çagyryş edilýär.

XS
SM
MD
LG