Sawçenko sudýa orta barmagyny görkezdi
Orsýetde sud edilýän ukrain piloty Nadia Sawçenko tussaglar üçin niýetlenen gözenegiň içinde ýerinden turup, sudýa we kaza orta barmagyny görkezmezden ozal, ne sudy, ne-de hökümi ykrar etjekdigini aýtdy. Şeýle-de, ol Orsýetiň suduna açlyk çekmesini mundan beýlägem dowam etdirjekdigini aýan etdi. Sawçenko muny sud öz işi boýunça kararyň 21-nji martda geçiriljek sud diňlenişiginde okaljakdygyny aýdandan soň yglan etdi.