Sepleriň elýeterliligi

Rus polisiýasy ýene bir özbegi tutdy


Rus polisiýasy

Rus polisiýasy

Orsýetiň polisiýasy Daşkent tarapyndan ekstremist diýip güman edilýän özbek raýatyny tussag etdi.

Sankt Peterburg şäheriniň polisiýasy 23-nji martda 40 ýaşyndaky özbegistanlyny özbek häkimiýetleriniň talaby esasynda saklandygyny aýtdy.

Ol adam 21-nji martda, Sankt Peterburgyň eteginde samarkantly 33 ýaşyndaky özbek tussag edileninden iki gün soň tutulypdyr.

Rus resmileriniň aýtmaklaryna görä, özbek resmileri bu iki adamy «dini ekstremist, separatist we fundamentalçy topara» ilteşikli hasaplaýar.

XS
SM
MD
LG