Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda ýene-de bir metjit ýumruldy…


"Aksa" metjidi ýer-ýegsan edildi.

"Aksa" metjidi ýer-ýegsan edildi.

Aşgabatda ýene bir metjit ýykyldy. Paýtagtyň ozallar “Wosmoý” diýlip atlandyrylýan ýerinde ýerleşen “Aksa” metjidi ýer-ýegsan edilip, indi ondan diňe bir minara galdy.

“Ýolöten” köçesiniň ugrundaky, halk arasynda “Nohurlaryň metjidi” diýibem tanalýan bu metjit mundan 23 ýyl ozal ýerli ýaşaýjylaryň öz güýjüne, öz hasabyna gurlupdy. Metjit giň howluda ýerleşýärdi we onda 100-e golaý adamynyň namaza durmak mümkinçiligi bardy.

Mundan iki hepde töweregi öň ýerli häkimiýetler agzalýan metjidiň töweregindäki “Ýolöten”, “Gökdepe”, “Fizkulturnaýa” köçeleriniň ugrundaky ýaşaýjylara olaryň jaýlarynyň ýykyljakdygyny we şol sebäpdenem bu meselede degişli “taýýarlyklary” görüp başlamalydygyny tabşyryp gitdiler.

Bu talabyň yzysüre, geçen hepde hökümetiň agyr tehnikasy gelip, “Aksa” metjidini bir ýan çetinden ýumrup başlady. Binanyň aglaba bölegi betondan bolansoň, ony kerpiç jaýlar ýaly söküp aýyrman, gönümel buldozer bilen tekizlediler.

1990-njy ýyllaryň başynda “Aksa” metjidiniň gurluşygyna gatnaşan ýerli ýaşuly Ýolaman aganyň aýtmagyna görä, bu metijidi ýykmak üçin häkimiýetler onuň aslynda “bikanun gurlandygyny” tutaryk edinipdirler.

Metjidiň goşlary

Metjidiň goşlary

“Bu metjidi guranymyzda, 23 ýylyň dowamynda onuň kanunylygy ýa-da bikanunlygy barada hiç kim dil ýarmady. Indi bolsa ‘metjit rugsatsyz gurlupdyr’ diýip, Hudaýyň öýüni kül etdiler” diýip, 70 ýaşyndaky Ýolaman aga öz nägileligini bildirýär.

Ýolaman aga metjitdäki dini kitaplary, namazlyklary, sowadyjylary şäheriň beýleki metjitlerine ugradyp ýetişendiklerine garamazdan, metjidäki şkaf, sandyk ýaly goşlaryň zir-zibile garjaşyp, harap bolandygyny aýdýar.

Minaranyň düýbüni buldozer bilen gazdylar.

Minaranyň düýbüni buldozer bilen gazdylar.

Häzir metjidiň duran ýerini weýran edilen binanyň gurluşyk dargap ýatan materiallaryndan arassalamak işleri alnyp barylýar. Bu ýerdäki işçileriň aýtmagyna görä, metjidiň 25 metrlik beýik minarasyny sökmegi kyn görüp, onuň düýbüni buldozer bilen gazyp, ýykmak kararyna gelnipdir.

Gepiň gerdişine görä aýtsak, soňky ýyllaryň dowamynda paýtagtda ”Aksadan” başga-da azyndan ýedi sany metjit ýer-ýegsan edildi. Olaryň arasynda: Aşgabadyň “Gaža” sebitinde ýerleşen “Hezreti Omar metjidini”, “Atamyrat” şaýolunyň ugrundaky “Ymam Ryza metjidini”, Türkmenistan-Eýran ýolunyň ugrundaky “Hezreti Aly metjidini”, “Partizan” köçesiniň ugrundaky “Ymam Agzyn metjidini”, ilat arasynda "Ilerki Garadamak" obasy diýilýän ýerdäki “Gurbanmämmet Ahun” metjidini, "Şor Garadamak" obasyndaky “Abadan” metjidini, “Çoganly” metjidini agzasa bolar.

Bu metjitleriň aglabasy soňky ýyllarda paýtagtda alnyp barylýan gurluşyklaryň çäginde ýykylyp, ýok edildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG