Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus sudýasy 'Putin işinden' soň işden çekildi


Wladimir Putin
Wladimir Putin

Rus sudýasy prezident Wladimir Putine garşy bildirilen sud şikaýatyny kabul edeninden soň birden işden çekildi.

Ýurduň Saratow regionynyň sud häkimiýetleri 15-nji aprelde Tatýana Leskinanyň işden çekilmek baradaky arzasyny kabul edendiklerini aýtdylar.

Leskina geçen hepde Saratow regionynda Nikolaý Suworow atly bir adamyň prezident Putine garşy ýazan şikaýat arzasyna seretmäge resmi razylyk berdi.

Ol arzada Putiniň «rus halkynyň garyp düşmegine» sebäp bolan «halk duşmany» hökmünde işden çekilmegi talap edilýär.

Leskinanyň rus sud sistemasynda 20 ýyllyk iş tejribesi bar we ol bu işi başda 28-nji aprelde diňlemegi planlaşdyrdy, emma soň rus konstitusiýasynyň prezidente eldegrilmesizlik hukugyny berýändigini aýdyp, mundan boýun gaçyrdy

XS
SM
MD
LG