Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurt mediasy baradaky düzgünden nämä garaşmaly?


Türkmen telewideniýesi çäräni surata düşürýär
Türkmen telewideniýesi çäräni surata düşürýär

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni daşary ýurt habar serişdeleriniň wekilleriniň Türkmenistandaky işi baradaky düzgünnama gol çekdi we [bu ugurda] «gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin [indiden eýläk] täze mümkinçilikleriň açylýandygyny» aýtdy. Türkmen häkimiýetleri häzirki wagtda ýurtda 20-den gowrak daşary ýurt habar serişdeleriniň resmi esasda işleýändigini aýdýarlar.

Emma tutuş dünýä boýunça metbugaty iň berk çäklendirýän Türkmenistanda daşary ýurt žurnalistleri üçin döredilýän täze mümkinçilikleriň ozalkylardan nähili tapawutlanjakdygy häzirlikçe aýdyňlaşdyrylanok.

Azatlyk Radiosy dünýäde žurnalistleriň hukuklaryny goraýan “Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň wekili Ýohan Bihr bilen söhbetdeş boldy we onuň Türkmenistanda daşary ýurt žurnalistleriniň işlemegine degişli täze dügünnama baradaky pikirini sorady.

Azatlyk Radiosy: Türkmen prezidentiniň daşary ýurt habar serişdeleriniň wekilleriniň Türkmenistandaky işi barada täze düzgünnama gol çekip, “gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny” aýtdy. Siziň bu barada pikiriňiz nähili?

Ýohan Bihr
Ýohan Bihr

Ýohan Bihr: Bu, elbetde, gowy täzelik ýaly bolup görünýär, emma şeýle täzeliklere seresaplylyk bilen çemeleşmeli. Sebäbi Türkmenistanda resmi wadalaryň hakykata gabat gelmeýändigine biz ozal birnäçe ýagdaýlarda göz ýetirdik.

Azatlyk Radiosy: Şeýle ynamsyzlyga näme sebäp bolýar?

Ýohan Bihr: Belki-de, bu düzgünnama özgerişliklere alyp barar. Men muny ret etmeýärin. Ýöne men oňa ynamsyz garaýaryn, sebäbi iki ýyl mundan ozal Türkmenistanda media boýunça ilkinji kanun kabul edilip, onda senzura gadagan edildi, žurnalistler üçin has düýpli şertleriň döredilýändigine güwä geçildi. Emma bu şertler hatda başlangyç derejede-de durmuşa geçirilmedi we kada-kanunlaryň durmuşa geçirilişi öňküsi ýaly kyn mesele bolup galdy.

Türkmenistanda medianyň ýagdaýyna bildirilýän aladalanmalar ýurtda resmi taýdan kabul edilen düzgünler bilen bagly bolman, garaşsyz žurnalistlere takyk basyş edilmegi, olaryň esassyz yzarlanmagy bilen bagly. Bu ýagdaý Türkmenistandan has köp maglumatyň gowuşmagynyň öňüne böwet bolýar. Bu ýagdaý garaşsyz žurnalistleriň örän töwekgelçilikli şertlerde işlemegine getirýär. Olara basyş dowam edýär. Meselem, geçen ýylda garaşsyz žurnalistlere basyşlar hasam güýçlendi. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň žurnalistlerine basyş güýçlendi, radionyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew tussag edildi. Şeýle-de radiony diňlemäge mümkinçilik berýän satellit çanaklar aýryldy. Bu ýagdaýlaryň ählisi Türkmenistanda garaşsyz habarçylara bolan basyşlaryň güýçlenendigini görkezdi. Şeýlelikde soňky ýagdaýlaryň nukdaýnazaryndan media boýunça täze düzgünnamalar hem soragly görünýär, emma soňunyň nähili boljagyna seredeliň.

Azatlyk Radiosy: Ýohan, halkara guramalar Türkmenistanyň dünýä ýüzünde media iň güýçli basyş edýän ýurtlaryň biridigini aýdyp gelýärler. Türkmenistanda metbugatyň azat bolmagynyň öňündäki esasy päsgelçilik nämeden ybarat?

Ýohan Bihr: Türkmenistan soňky hasabatymyzda [metbugat azatlygyna gelende] 180 ýurduň arasynda 178-nji ýerde ýerleşýär. Muňa türkmen hökümetiniň habar serişdelerini berk gözegçilikde saklamagy sebäp bolýar. Şeýle-de ýurtda işleýän daşary ýurt neşirleri gizlin işlemäge mejbur bolýarlar, olar agyr şertlerde, hökümetiň basyşy astynda işleýärler. Süteme sezewar bolýarlar. Diýmek, [degişli] kanunlar hem özgerdilmeli. Ýöne ýagdaýyň iş ýüzünde özgermegi has uly zerurlyk. Türkmenistanyň media baradaky kanunynda žurnalistlere ençeme hukuk berilýär we kanunda hiç hili problema ýok. Problema kanunyň işlemeýänliginde we häkimiýetleriň garaşsyz maglumata bolan gatnaşygynda.

XS
SM
MD
LG