Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Orta we kiçi biznesiň hak-hukugyny goraýan edara iş ýüzünde ýok”


Aşgabadyň Gündogar bazary.
Aşgabadyň Gündogar bazary.

Türkmenistanyň Awaza syýahatçylyk zolagynda Halkara telekeçiler maslahaty geçirilýär. Oňa daşary ýurtlardan ýüzden gowrak myhmanyň gelendigi habar berilýär.

Bu maslahatyň açylyş dabarasyna prezident G.Berdimuhamedow gutlag hatyny ugradyp, “ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudagyny goldamak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar” diýdi.

Şeýle-de, Berdimuhamedow “bu pudaga degişli netijeli işleri alyp barmak üçin amatly hukuk binýadynyň, zerur bolan beýleki şertleriň döredilýändigini hem-de yzygiderli goldaw berilýändigini” aýtdy.

Eýse, Türkmenistanda orta we kiçi biznesiň, ýagny telekeçileriň hak-hukuklaryny gorar ýaly, olaryň arz-şikaýatlaryny aýdyp biler ýaly ýörite edara göz öňünde tutulanmy?

Azatlyk Radiosy bu sorag bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:17 0:00

XS
SM
MD
LG