Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: gyrgyz ilçihanasynyň işgäri çilim gaçakçylygynda saklandy


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Gyrgyzystanyň Aşgabatdaky ilçihanysynyň işgäri Türkmenistana temmäki önümlerini bikanun geçirmekçi bolanda saklandy.

Gyrgyz habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bir işgäri – Manas Osmanow 17-nji aprelde Türkmenistanyň “Farap” serhet geçelgesinde saklanypdyr.

Gyrgyz mediasynyň maglumatyndan çen tutulsa, 36 ýaşly Osmanowyň 11CD011 belgili ”Toyota-Highlander” kysymly ulagyndan daşary ýurtdan getirilen uly möçberdäki kontrabanda temmäki önümleri tapylypdyr.

Bu ýagdaý bilen baglylykda Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi ýerli habar serişdelerine kommentariý berdi.

Maglumata görä, bikanun temmäki gaçakçylygynda saklanan Manas Osmanow Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň administratiw-tehniki işgäri eken. Ol öz diplomatiki missiýasynyň ýolbaşçysynyň rugsadyny almazdan, özüniň şahsy ulagynda işleýän ýurduny [Türkmenistany] terk edipdir.

“Ol [Osmanow] saklanandan soň, 20-nji aprelde [Gyrgyzystanyň] Daşary işler ministrliginiň №89 belgili karary bilen, Gyrgyzystanyň Zähmet kodeksiniň 83-nji maddasynyň 12-nji bölümine laýyklykda, wezipesinden boşadyldy” diýlip, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda bellenýär.

Gepiň gerdişine görä bellesek, Türkmenistanyň serhedinde ýüze çykan bu ýagdaý boýunça türkmen mediasy häzirlikçe dymýar.

Ýurduň Daşary işler ministrligi hem bu barada nähilidir bir beýanat ýaýratmady. Azatlyk Radiosynyň bu mesele boýunça ministrlik bilen habarlaşmak synanyşyklary hem netije bermedi.

Şol bir wagtda-da, Türkmenistanda temmäki önümleri bilen bagly girizilen gadagançylyklardan soň, ýurtda çilimiň bahasy telim esse galdy we çilim gytçylygy döredi.

Şeýle-de şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň prezidentiniň ýörite karary bilen temmäki önümlerini ýurda getirmegiň we olara nyrh kesmegiň, satmagyň ähli ygtyýary ýurduň Söwda we daşary aragatnaşyklar ministrligine berildi.

XS
SM
MD
LG