Sepleriň elýeterliligi

‘Nepesgulyýewiň boşadylmagyny soradyk’


Azatlyk Radiosynyň türmedäki habarçysy Saparmammet Nepesgulýew.

Azatlyk Radiosynyň türmedäki habarçysy Saparmammet Nepesgulýew.

Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda alnyp barylýan Adam hukuklary dialogynyň sekizinji tapgyryndan soň, Ýewropa Bileleşigi beýanat ýaýradyp, Türkmenistanyň adam hukuklary ýagdaýyndan çynlakaý alada bildirdi.

Eýse, bu çynlakaý aladalar nämelerden ybarat?

Azatlyk Radiosy bu sorag bilen gyzyklanyp, Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler boýunça edarasynyň Orsýet, Gündogar hyzmatdaşlygy we Merkezi Aziýa boýunça metbugat wekili Maýa Koçiýançiç (Maja Kocijancic) bilen söhbetdeş bolup, agzalýan aladalar barada jikme-jik maglumat bermegi sorady.

Azatlyk Radiosy: Siz, adam hukuklary boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň resmi wekilleriniň arasynda ýaňy-ýakynda geçirilen gepleşiklerden soňra, ýörite beýanat ýaýradyp, Türkmenistanda adam hukuklarynyň çynlakaý depelenýändigini we bu ýagdaý bilen bagly aýratyn alada bildirýändigiňizi aýtdyňyz. Soňky döwürde şeýle alada galmagyňyza sebäp bolýan haýsydyr bir aýratyn ýagdaý barmy?

Maýa Koçiýançiç: Bilşiňiz ýaly, Ýewropa Bileleşigi uzak wagtdan bäri Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna aýratyn alada bildirip gelýär. Biz bu baradaky aladamyzy dürli platformalarda beýan etdik.

Adam hukuklarynyň bozulyşy baradaky ýagdaýlar hökümete degişli bolmadyk guramalar tarapyndan hem yzygiderli ýaýradylýar. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde maslahat edilýär, şeýle wakalar žurnalistler, şol sanda siziň žurnalistleriňiz tarapyndan hem dokumentleşdirilýär.

Adam hukuklary boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda geçirilýän ýyllyk ýygnagymyzda bu aladalarymyza türkmen häkimiýetleriniň ýene bir gezek ünsüni çekdik. Bu aladalarymyzy gaty aç-açan we konstruktiw ýagdaýda beýan etdik.

Azatlyk Radiosy: Siziň beýanatyňyzda adam gynamalary barada hem alada bildirlýär Bu ugurdan gozgalan haýsydyr bir takyk ýagdaý ýa şahsyýet hakda giňişräk maglumat berip biljekmiň?

Maýa Koçiýançiç: Elbetde, ýygnakda şoňa meňzeş dürli ýagdaýlar hakda gürrüň edildi, adam gynamalar hakdaky aladamyz olardan diňe biridi. Adam hukuklarynyň bozulýandygyny görkezýän ençeme takyk ýagdaýlara olaryň ünsüni çekdik.

Azatlyk Radiosy: Beýanatyňyzda käbir bendileriň, esasanam, türmede ýitirim bolandygy aýdylýan bendileriň saklanýan ýerleri hakda hem türkmen wekillerinden takyk maglumat talap edendigiňiz aýdylýar. Şeýle soraglaryňyza takyk jogap alyp bildiňizmi? Meselem, Boris Şyhmyradowyň ýagdaýy hakda nähili maglumat berdiler?

Maýa Koçiýançiç: Türmede ýitirim bolan bendiler barada türkmen resmilerinden doly maglumat soradyk, olar bu barada käbir maglumatlaram berdiler. Biz häzir berlen şol maglumatlary seljermekçi. Sişenbe günki ýygnakda biz türkmen resmilerini şol ugurdan berlen maslahatlary berjaý etmäge çagyrdyk.

Şeýle-de Boris Şyhmyradow barada, BMG-niň degişli rekomendasiýasyna laýyklykda, onuň türmeden boşadylmagyny soradyk. Emma edil häzir meniň onuň ykbaly barada aýdyp biljek takyk maglumatym ýok.

Azatlyk Radiosy: Türkmen resmileriniň bu meselede size beren jogaplaryny nazarda tutup aýtsaňyz, siz Şyhmyradowyň henizem diridigini aýdyp biljekmi?

Maýa Koçiýançiç: Aýdyşym ýaly, biz bu baradaky pozisiýamyzy olaryň öňünde aç-açan beýan etdik. Emma, öň hem aýdyşym ýaly, onuň edil häzirki ýagdaýy barada bizde goşmaça maglumat ýok.

Azatlyk Radiosy: Bize has ýakynrak bir tema ünsüňizi çekip, Azatlyk Radiosynyň türmedäki habarçysy Saparmammet Nepesgulýewiň ýagdaýy hakda sorasym gelýär, o barada gürrüň boldumy ýygnakda?

Maýa Koçiýançiç: Biz ençeme bendiler hakda takyk maglumatlar soradyk, şeýle-de biz ençeme takyk ýagdaýa olaryň ünsüni çekdik, olaryň arasynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Nepesgulýew hem bar. Bu ilkinji gezek däl, mundan ozalky ýygnaklarda hem bu ýagdaýa türkmen resmileriniň ünsüni çekipdik.

Biz türkmen resmileriniň ünsüni 2015-nji ýylyň dekabarynda BMG-niň eden-etdilikli tussag etmelere gözegçilik edýän iş toparynyň rekomendasiýasyna çekip, Nepesguyýewiň boşadylmagyny talap etdik.

Azatlyk Radiosy: Bizi aýratyn alada goýýan zatlardan birem Nepesgulýewiň häzirki ýagdaýy barada nämälimligiň höküm sürmegi, onuň saglygy barada täzelik barmy? Resmiler [bu hakda] bir zat diýdilermi?

Maýa Koçiýançiç: Elbetde, aladaňyza düşünýäris, Nepesgulyýewiň ýagdaýy gozgaldy, biz türkmen resmilerinden, onuň ýagdaýy bilen bagly [berilýän] degişli rekomendasiýalara gulak asyp, ony boşatmaklaryny soradyk. Edil häzirki wagtda bu meselede goşmaça maglumat bermäge ýagdaýym ýok.

Azatlyk Radiosy: Beýanatyňyzda, hereket azatlygyna üns çekilip, bu barada hem alada bildirilipdir. Soňky döwürde bu babatdaky howatyrlanmalaryňyza esas bolaýjak haýsydyr bir aýratyn ýagdaýlar bolup geçdimi?

Maýa Koçiýançiç: Hereket azatlygy barada beýanatymyzda öňe sürlen pikirler, haýsydyr bir takyk waka ýa ýagdaýa esaslanmaýar, emma hökümete degişli bolmadyk dürli guramalaryň raportlaryndan hem belli bolşy ýaly, käbir adamlaryň ýurtdan çykmagyna rugsat edilmezligi bilen bagly wakalar wagtal-wagtal ýüze çykyp durýar.

Şeýle-de, welaýatlardan gelip, Aşgabatda ýaşamak we işlemek isleýän adamlaryň başdan geçirýän ýagdaýlaryny, kynçylyklaryny hem bilýäris, bu aladalar şu we şoňa meňzeş ýagdaýlar nazarda tutulyp orta atyldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG