Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen migrantlaryna 'basyş edilýär'


Azerbaýjan, türkmen migrantlary
Azerbaýjan, türkmen migrantlary

Türkiýedäki türkmenistanly zähmet migrantlarynyň uly bölegi bu ýurtda bikanun ýaşaýar. Emma muňa garamazdan, olaryň aglabasy Türkmenistana dolanmakçy däldigini aýdýar.

Işi düşüp, türkmen ilçihanasyna baran migrantlaryň berýän maglumatlaryna görä, türkmen hökümeti olaryň yzlaryna dolanmagyny isleýär; hökümet bu islegini her pursatda beýan edýär.

Mundanam başga, käbir migrantlar soňky döwür Türkiýedäki migrantlary yzyna getirmek üçin degişli edaralaryň wekilleriniň olaryň Türkmenistandaky maşgalalaryna basyş edip başlandygyny aýdýarlar.

Aýdylmagyna görä, kähalatlarda olaryň maşgala agzalaryna Türkiýede ýaşaýan garyndaşyňyzy yzyna getiriň diýýän bolsalar, kähalatlarda olar Türkiýedäki türkmenistanly migrantlaryň kontakt nomerlerini soraýarlar.

Hatda mekdebe gatnaýan çagalardan hem olaryň eje-kakasynyň Türkiýede ýaşap-ýaşamaýandygynyň soralýandygy barada habarlar gowuşýar.

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda, daşary ýurtlardaky türkmen diasporasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda, türkmen häkimiýetleriniň zähmet migrantlaryny yzyna dolamak ugrunda edýän hereketleri barada gürrüň edýär.

Söhbeti diňläp, bu ugurdaky pikir-tejribeleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys.

Türkmen migrantlaryna 'basyş edilýär'
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00


XS
SM
MD
LG