Sepleriň elýeterliligi

Hukuk goraýjylar Aşgabatdan adalat soraýar


Umyda Jumabaýewa

Umyda Jumabaýewa

Adam hukuklaryny goraýan on sany topar, şol sanda Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy, Hýuman Raýts Wotç, Norwegiýanyň Nelsinki komiteti, Adam hukuklary boýunça Helsinki fondy we beýleki guramalar Türkmenistanyň baş prokurory Amanmyrat Hallyýewe açyk hat çap edip, Daşoguzda urlup-enjilen we üstüne kislota guýlan Umyda Jumabaýewa bilen bagly işiň hemme taraplaýyn adalatly derňelmegine çagyrdy.

Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» toparynyň 30-njy maýda çap eden fotosuratly habarynda aýdylmagyna görä, Gurbansoltan eje posýologynda ýaşaýan 44 ýaşly pedagog, dört çaganyň enesi Umyda Jumabaýewa 22-nji maýda näbelli adamlaryň hüjümine sezewar bolupdyr.

Umyda Jumabaýewa

Umyda Jumabaýewa

«Türkmen inisiatiwasynyň» başlygy Farid Tuhbatullin Azatlyk radiosyna bu habary özleriniň iki gün soňra, Türkmenistanda belli hukuk goraýjy Nataliýa Şabuntsyň üsti bilen alandyklaryny aýtdy. Soň bu habar hukuk goraýjy guramanyň ýerli çeşmeleri tarapyndan hem tassyklanypdyr.

«Soňky maglumatlara görä, bu iş boýunça medisina barlagy geçirilipdir, onuň ýüzüne we bedenine 17 prosentli kükürt ergini sepilipdir» diýip, Tuhbatullin Umydanyň bir gözüne has erbet zyýan ýetendigini gürrüň berdi.

Mundanam başga, hukuk goraýjynyň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleri bu iş boýunça derňew alyp barýarlar we bu derňewde Daşoguz şäherinde oturdylan gözegçilik kameralaryna düşen ýazgylar hem ulanylýar.

Wideoşekiller iki şübhelini görkezýär

Şol wideoşekillere görä, Umyda hüjümden öň ak maşynly iki adam tarapyndan birnäçe gün yzarlanypdyr.

Hukuk goraýjy guramalaryň baş prokurordan başga goranmak, içeri işler, adalat, milli howpsuzlyk, daşary işler ministrlerine we prezident diwanynyň başlygyna hem iberen hatynda Umydanyň bu hüjüme sezewar bolmazyndan öň goşun gullugynda urlup-enjilýän oglunyň hak-hukuklary barada ýokary guramalara arz edendigi aýdylýar.

Tuhbatullin bu fakty tassyklap, Umydanyň ogly Rahym Babaýewiň indiki ýyl geçjek Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga kandidat bolandygyny, muny tassyklaýan dokumentleriň hem bardygyny belledi.

Ofiserler ene-atadan $2000 "sorapdyr"

«Tälim berijiler-de, Turizm we sport ministrliginiň wekilleri-de Rahymyň Aşgabatda, öz ussatlygyny ösdürer ýaly, sport rotasynda gulluk etjekdigine ynamly ekenler. Emma ony goşuna alanlarynda, sport rotasyna düşmegi üçin, ofiserler ýaş ýigidiň ene-atasyndan iki müň dollar pul sorapdyrlar» diýip, Tuhbatullin bu meseläni ýurtda giň ýaýrandygy aýdylýan para bilen bilen baglaýar.

Mundanam başga, hukuk goraýjynyň sözlerine görä, bu diýlen pul berilmänsoň, Rahym Babaýew sport rotasyna däl-de, başga rota iberilýär we ol ýerde yzygiderli urlup ýenjilýär. Hut şu ýagdaýlar hem UmydanyňGoranmak ministrligine we beýleki edaralara, şol sanda prezidentiň diwanyna arza ýazyp, telegramma iberip başlamagyna getiripdir diýip, Tuhbatullin bu ýerde şol arzalar üçin ar alyşyň görünýändigini öňe sürýär.

Hukuk goraýjy bu habar bilen bagly türkmen häkimiýetlerinden hiç bir resmi reaksiýa almandyklaryny, ýöne işiň derňelýändigini we günäkärleriň jogapkärçilige çekiljegine umyt baglaýandygyny hem sözüne goşdy.

«Biz bu hadysany özümiziň BMG-niň dürli komitetleri, ÝB-niň gurluşlary üçin taýýarlaýan hasabatlarymyza hem girizeris we bu mesele halkara derejesinde yzygiderli gozgalar» diýip, «Türkmen inisiatiwasy» toparynyň başlygy F.Tuhbatullin Azatlyk radiosyna telefon arkaly beren gürrüňinde aýtdy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2-nji iýunda, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň soňky bäş aýdaky işleriniň netijelerine garalyp geçirilen mejlisinde bu aýdylýan waka hiç bir reaksiýa bildirilmedi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG