Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen kinosyny “öldürdiler”


"Gynansak-da, 25 ýyl mundan ozal türkmen kinosynyň tanapy üzüldi".
"Gynansak-da, 25 ýyl mundan ozal türkmen kinosynyň tanapy üzüldi".

Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky – 14-nji maslahatynda beýleki dokumentler bilen birilikde “Kinematorgrafiýa hakyndaky” kanun taslamasyna hem garaldy.

Resmi maglumatda bu täze kanunyň Türkmenistanyň kinematografiýasynyň “ägirt uly döredijilik, önümçilik, ylmy, tehniki, aň-bilim, maglumat, wagyz mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmäge gönükdirilendigi” aýdylýar.

Resmi maglumatdaky öwgüli sözlere garamazdan, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň aglabasy ýurduň häzirki kino pudagynyň çykarýan eserleriniň pes hillidigini, durmuş hakykaty bilen ilteşiginiň ýokdugyny aýdyp, nägilelik bildirýärler.

Azatlyk Radiosy, agzalýan bu iki garaýşy hem nazara alyp, türkmen kinematografiýasyny içginden yzarlaýan daşary ýurtly režissýor bilen söhbetdeş boldy. Gyrgyzystanly režissýor Temir Birnazarow türkmen kinosynyň düýni we şu güni barada şeýle gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosy: Temir aga, şu günki türkmen kinosy barada näme aýdyp bolar?

Temir Birnazarow
Temir Birnazarow

T.Birnazarow: Gynansak-da, “türkmen kinosy” diýlen zat häzir düýbünden ýok edildi.

Türkmen kinematografiýasy bilen birlikde dünýä türkmeniň ajaýyp medeniýetinden, däp-dessuryndan, adatyndan hem jyda düşdi. Kino sungaty bir ýurduň, halkyň durmuşyny tutuş dünýä ýetirmek üçin örän gowy bir gural hasaplanýar.

Gynansak-da, 25 ýyl mundan ozal türkmen kinosynyň tanapy üzüldi.

Azatlyk Radiosy: Siz soňky 25 ýylyň dowamynda türkmen kinematografiýa sungatynyň agyr günleri başdan geçirýändigini aýtdyňyz. Mundan öňki döwür barada hem gürrüň beräýseňiz? Türkmen kino eserlerine nähili baha berilýärdi?

T.Birnazarow: Bilýäňizmi, häzirki ýagdaýlar juda gynandyrýar. Sebäbi türkmen kinosynyň özüne mahsus ajaýyp bir ýörelgesi, ýoly bardy. Türkmen film sungatynyň aýratyn baý taryhynyň bolandygyny hem nygtap geçmelidiris.

Türkmen kino pudagyny örän zehinli adamlar, uly şahsyýetler aýaga galdyrypdy. Men şol döwrüň türkmen kinolaryny diýseň gowy görýärin.

Özümi gaýtalaýan bolmagym hem mümkin, ýöne türkmen kinosynyň häzirki düşen güni juda we juda gynandyrýar.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin beýle boldy?

T.Birnazarow: Bu ýurduň başyndaky häkimiýete baglymyka diýýärin. Olaryň muny näme sebäpden edendigine men-ä düşünip bilýän däldirin. Türkmen emeldarlary aldylar-da, tutuş bir medeniýeti, taryhy ýok etdiler oturyberdiler; öldürdiler.

Men ozalky ady belli türkmen režissýorlary bilen köp oturyp-turuşýaryn. Türkmen kinosynyň şu güni barada gürrüň edilende, olaryň bagryny paralap, ýüzüni aşak salyp oturýan gezekleri hem az däl. Bulary görüp, meniň öz ýüregim-de dilim-dilim bolýar.

Bilmedim, belki-de, Türkmenistan garaşsyz bolandan soň, ol özüne başga durmuş gymmatlyklaryny saýlap alandyr. Onda bu ýurt başyndakylaryň sunagata, medeniýete hormat goýup bilişleri bolýarda?!

Beýdip bolmaz-a, aldylar-da, tutuş bir medeniýeti ýok edäýdiler. Munuň bilen birlikde gyra atylan zehinli şahsyýetleriň hem hetdi-hasaby ýok. Olaryň nä günlere duçar bolandyklaryny bir bilsediňiz?! Olaryň ykballarynyň özleri hem bir kino etmäge mynasyp.

Men henizem türkmen kinosynyň bir gün aýaga galyp, mynasyp eserleri döredip başlajakdygyna umyt edýärin. Daşary ýurtlara dargadylan bolsalar-da, zehinli türkmen režissýorlary heniz hem aýatda gezip ýörler.

Azatlyk Radiosy: Biziň bilen söhbetdeş bolýan diňleýjilerimiz Türkmenistanda häzir çykarylýan kinolaryň hakyky durmuşy görkezmeýändigini aýdýarlar. Eýse, näme üçin beýle bolýar? Näme üçin, siziň aýdyşyňyz ýaly, uly mekdebi bolan türkmen kinosy häzir tomaşaçylary özüne çekip bilenok?

T.Birnazarow: Men bu ýagdaýlara diýseň gowy düşünýärin. Men bulary düşürýän kinoçylaryň hem ýagdaýyna düşünýärin. Olara “palan görnüşde kino al” diýip, görkezme berilýär. Olaryň erk-ygtyýary barmy näme?! Olaryň bar aladasy – öz jany.

Mysal üçin, men öz egindeşlerim bilen her ýyl kinofestiwal gurnaýaryn. Türkmenistandan öz eserlerini ugratmak soralanda, olar ýa ha hiç zat iberenoklar ýa-da “biziň prezidentimiz nähili ajaýyp” diýen görnüşdäki kinolary ýollaýarlar.

Dogrusy, olaryň ugradýan filimleriniň esasynda ýurtdaky režimiň gerimine we adamlaryň hakyky ýaşaýyş şertlerine göz ýetirse bolýar.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, nädilende bu ýagdaýy üýtgedip bolar?

T.Birnazarow: Doly erkinlik bermeli. Bolany!

Ýöne, “haçan häkimiýet erkinlik bererkä?” diýip garaşyp oturyp bolmaýar. Bu ugurda hereket etmeli. Munuň başga hiç bir ýoly ýok. Döredijilik erkinligini almak üçin göreşmeli.

Film döretmeli! Hakyky durmuşy görkezýän kinolary surata düşürmeli! Hawa, basyşlar bolar. Ýöne, eger-de adam döretmegi, öz sesini eşitdirmegi isleýän bolsa, ol mydama-da munuň ugruny-ýoluny tapar.

XS
SM
MD
LG