Sepleriň elýeterliligi

ABŞ 'Talyban" nyşanalaryny urýar


Kandahar-Tarin Kot ýolunyň ýakasy

Kandahar-Tarin Kot ýolunyň ýakasy

ABŞ harbylary Owganystanda, prezident Barak Obama şu aýyň başynda pitneçilige garşy çäklendirilen hüjüm operasiýalaryny geçirmäge ygtyýar bereli bäri, «Talyban» nyşanalaryna garşy ilkinji howa zarbalaryny urdular.

Pentagonyň sözçüsi Piter Kuk 24-nji iýunda bu zarbalaryň günorta Owganystana urlandygyny, özem bu ýerde şol wagt amerikan goşunlarynyň bolmandygyny aýtdy. Täze ygtyýarlyk amerikan güýçlerine adaty owgan goşunlaryna ýoldaş bolmak rugsadyny berýär.

Obamanyň karary Amerikanyň uzaga çeken owgan konfliktinde, halkara güýçler öz söweş missiýalaryny jemlänlerinden bir ýyl gowrak soň, hökümet güýçlerine berilýän goldawy giňeltdi.

XS
SM
MD
LG