Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda mobil Internet kesildi


“Altyn Asyr”, ýagny "TMCell" we "MTS" operatorlary üçin hyzmatlary hödürleýän dükan.

“Altyn Asyr”, ýagny "TMCell" we "MTS" operatorlary üçin hyzmatlary hödürleýän dükan.

Türkmenistanda soňky üç günde Internet ulanyjylar öz mobil telefonlary arkaly Internede girip bilmeýärler. Muňa nämäniň sebäp bolandygy barada häzirlikçe anyk maglumat ýok.

Türkmenistanda ilaty mobil Internet bilen üpjün edýän iki sany Internet prowaýderi bar. Olaryň biri döwlet eýeçiligindäki “Altyn Asyr”, ýagny "TMCell", beýlekisi Orsýetiň Türkmenistandaky “MTS” kompaniýasydyr. Bu kompaniýalary Internet bilen üpjün edýän esasy edara bolsa Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “TürkmenTelekom” kärhanasydyr.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň aýtmaklaryna görä, şenbe güni ir säherden bäri, agzalan iki kompaniýanyň hödürleýän mobil hyzmatlarynda-da Internediň elýeterlidigini alamatlandyrýan “antennalar” görünýär, emma bu internet hyzmatyndan günüň dowamynda hiç hili peýdalanyp bolmaýar.

“MTS” we “Altyn Asyr”

“MTS” kompaniýasynyň müşderi hyzmatlary bölüminiň jogapkär resmileri Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, tutuş Türkmenistanyň çäginde mobil Internet hyzmatlarynyň öçürilendigini tassyklap, “onuň näme sebäpden kesilendigi we haçan işläp başlajakdygy barada özlerinde takyk maglumatyň ýokdugyny” aýtdylar.

“Altyn Asyr” kompaniýasynyň merkezi edarasynyň jogapkär resmileri bolsa, Internediň kesilmeginiň sebäbi barada anyk maglumat bermekden saklanyp, “häzirki wagtda Internediň işleýändigini, ýöne onuň tizliginiň öňküsinden haýallandygyny” bellediler.

Ýeri gelende aýtsak, 25-nji iýundan bäri dowam edýän bu bökdençlikleriň sebäbi, onuň haçana çenli dowam etjekdigi barada müşderilere maglumat berilýän bildirişleri ne “MTS”-iň, ne-de “Altyn Asyryň” merkezi ofislerinde we websaýtlarynda görse bolýar.

Soňky ýyllarda ilkinji gezek

Türkmenistanda mobil telefonlardaky Internet hyzmatlarynyň kesilmegi bilen baglanyşykly ýagdaý mundan ozal hem wagtal-wagtal bolýardy. Emma bu ýagdaý her welaýatda dürli wagtlarda bolup, adatça, ol diňe 6-10 sagat çemesi wagt dowam edýärdi.

Tutuş ýurtda mobil Internediň kesilmegi we bu ýagdaýyň 3 güne çenli uzaga çekmegi soňky ýyllarda ilkinji gezek ýüze çykýar.

Bu ýagdaýyň haýsy pudaklara we kimlere näderejede täsir ýetirendigi barada anyk maglumat bolmasa-da, mobil telefonlarda Internediň kesilmegi bilen Internet-kafelere barýan adamlaryň sanynyň köpelendigi habar berilýär.

4G Internet hyzmaty

“Häzirki wagtda türkmenistanlylaryň Internetden peýdalanmagy üçin başga nähili mümkinçilikleriň bardygy barada anyk maglumat ýok. Ýöne köçelerde Internediň işleýän ýerini gözleýän admalar köpelýär. Internet-kafelerde nobata duran adamlaryň sany hem öňküsinden ep-esli köp” diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa aýdýar.

Türkmenistanyň Telekomunikasiýa ministrliginiň bir resmisi Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda mobil Internediň şu günden işläp başlandygyny we üç gün dowam eden bökdençligiň ýurtda 4G internet aragatnaşyk hyzmatyny ýola goýmak çäresi bilen baglanyşykly dörändigini öňe sürdi.

Emma Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň beren soňky maglumatlaryna görä, ýurtda mobil Internet hyzmaty heniz hem işläp başlamandyr.

Türkmenistanda 1,89 million adam “MTS”-yň, 3,5 million adam “Altyn Asyryň” mobil hyzmatlaryndan peýdalanýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG