Sepleriň elýeterliligi

'Nepesgulyýewi dessine boşadyň!'


Saparmämmet Nepesgulyýewi goldamak boýunça kampaniýanyň belgisi

Saparmämmet Nepesgulyýewi goldamak boýunça kampaniýanyň belgisi

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň Türkmenistanda tussag edilenine doly bir ýyl dolýar.

Azatlyk Radiosynyň we “Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri” neşiriniň habarçysy Nepesgulyýew geçen ýylyň 7-nji iýulynda Awazada žurnalistika işi bilen baglylykda maglumat toplaýarka ýitirim edilip, soňra 31-nji awgustda ýapyk sud arkaly türmä höküm edildi, oňa neşeli dermanlary ýanynda saklamakda günä bildirildi.

Žurnalistleri goraýan “Serhetsiz reportýorlar” guramasy Saparmämmet Nepesgulyýewiň tussag edilmeginiň ýyl dönüminde Türkmenistanyň prezidentiniň adyna ýazylan açyk haty çap etdi. Hatda Nepesgulyýewiň tussag edilmeginden soňky döwrüň aglaba böleginde daşky dünýäden üzňelikde saklanýandygy bellenýär we onuň dessine türmeden boşadylmagy talap edilýär.

Saparmämet Nepesgulyýew Azatlyk Radiosy bilen 2015-nji ýylda işleşip başlady we Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky ykdysady, sosial ýagdaýlar barada habar berip, ilatyň gündeki durmuşyna degişli problemalary gozgady.

Azatlyk Radiosy we adam hukuklaryny hem žurnalistleri goraýan halkara guramalar Nepesgulyýewiň tussaglygyny onuň professional işleri bilen baglanyşdyrýarlar. Halkara guramalarynyň ençemesi žurnaliste goldaw bildirip, häzirki wagtda ýörite kampaniýa alyp barýarlar.

Kampaniýa gatnaşýan 13 sany guramanyň çap eden bilelikdäki beýannamasynda “BMG-niň Adam hukuklary komitetiniň Türkmenistandaky türme şertleri we ýowuz daramalar, şol sanda gynamalar howpy barada bildiren aladalary bilen baglylykda biz jenap Nepesgulyýewiň saglygy we howpsuzlygy barada alada galýarys” diýlip bellenýär.

Azatlyk Radiosy we halkara guramalar 2015-nji ýylyň sentýabryndan bäri Nepesgulyýewiň hal-ýagdaýy barada hiç bir maglumat alyp bilmän gelýärler.

BMG-niň Işçi topary 2015-nji ýylyň dekabrynda jenap Nepesgulyýewiň işine syn edip, onuň eden-etdilikli ýagdaýda tussag edilendigini, sebäbi onuň hiç kim bilen görüşdirilmän saklanylandygyny, öz islän aklawçysy bilen üpjün edilmändigini aýtdy. Şeýle-de bu topar Nepesgulyýewiň parahatçylykly ýagdaýda öz pikirini aýtmak hukugyndan mahrum edilendigini belläp, Nepesgulyýewiň azat edilmegine hem eden-etdilikli türme tussaglygy döwri üçin oňa kompensasiýa tölenmegine çagyrdy.

“Serhetsiz Reportýorlar” guramasy we Nepesgulyýewi goldap çykyş edýän beýleki guramalar Türkmenistanyň prezidentiniň adyna ýazan bilelikdäki açyk hatynda Nepesgulyýewiň galplaşdyrylan aýyplamalar esasynda türmä basylandygyny belläp, onuň hiç kime görkezilmän saklanylmagynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna-da, BMG-niň Graždan we syýasy hukuklar baradaky halkara konwensiýasyna-da ters gelýändigini aýdýarlar.

BMG-niň Adam hukuklary baradaky ählumumy jarnamasynyň 19-njy maddasy, şeýle-de Graždan we syýasy hukuklar baradaky konwensiýanyň 19-njy maddasy raýatlaryň parahatçylykly ýagdaýda pikir aýtmak azatlygyny kepillendirýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG