Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana pul ugratmak çäklendirildi


“Western Union”
“Western Union”

Daşary ýurtlardan Türkmenistana “Western Union” ulgamy arkaly pul ugratmak mümkinçiliklerine täze çäklendirmeler girizildi. Mundan beýläk, Türkmenistandan puly kabul edýän tarap maliýe serişdeleri ugradanyň garyndaşlyk derejesini görkezýän güwanamany, şeýle-de ugradyjynyň bu pullary nädip gazanandygy baradaky aýlyk kepilnamany görkezmäge borçly edildi.

Öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran Türkmenistanyň bank ulgamynyň ýokary derejeli resmileriniň biri Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, bu täze düzgüniň şu ýylyň 26-njy iýunyndan bäri güýje girendigini aýtdy.

“Indi ähli zat, [maliýe serişdeleri] nireden gelýär, nirä gidýär; olary kim ugradýar, kim alýar... ýaly tranzaksiýalar hasaba alnyp başlandy” diýip, bank ulgamynyň işgäri Azatlyk Radiosyna düşündirdi.

Türkmenistanly bank emeldarynyň beren maglumatyna görä, eger-de ugradylan pul serişdesi aýlyk kepilnamasynda görkezilen jemden köp bolsa, onda ol alyja berilmeýär.

Mundan başga-da, ähli talap edilýän dokumentler görkezilenden soň hem ugradylan daşary ýurt walýutasy, resmi alyş-çalyş hasaby boýunça konwertasiýa edilip, alyjynyň eline milli pul birliginde berilýär. Meselem, pul dollarda ugradylsa-da, ol alyja manatda berler. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň resmi kursuna görä, 1 dollar 3,50 manada deň. Emma, 'gara bazarda' 1 dollaryň nyrhy 6 manada çenli dagy ýetýär.

Daşary ýurtlardan Türkmenistana pul serişdelerini ugratmak boýunça girizilen soňky çäklendirmeleriň eýýäm ýerli ýaşaýjylara ýaramaz täsir ýetirip başlandygy baradaky maglumatlar hem gowşup başlady.

Soňky birnäçe günüň dowamynda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan daşary ýurtlarda işleýän türkmenistanly mirantlaryň onlarçasy bu dörän ýagdaýlardan özleriniň nägiledigini bildirdiler.

“Men Türkmenistandaky enem-atama $500 ugratdym. Olaryň ýaşy bir çene ýeten. Menden başga olaryň hiç kimi ýok. Indi ‘ugradyjynyň bu pullary gazanandygy barada kepilnama gerek’ diýip, enem-atama pulumy bermeýärler. Meniň özüm gurluşykda işleýän, bikanun zähmet migranty, aýlyk kepilnamasy bizde näme işlesin?!” diýip, Russiýada işleýän bir türkmenistanly işçi migrant zeýrenýär.

Şol bir wagtda bu girizilen täze çäklendirmeler barada Türkmenistanyň habar serişdelerinde ýerli ilata hiç hili maglumat ýa-da düşüdiriş berilmeýär.

Ýeri gelende bellesek, bu Türkmenistana ýa-da ýurduň daşyna pul ugratmak boýunça girizilen çäklendirmeleriň iň soňkusydyr.

Mundan owal girizilen düzgünlere görä, daşary ýurda pul ugratmakçy bolýan türkmenistanlylardan iberilýän puluň nähili gazanylandygyna güwä geçýän aýlyk ýa pensiýa baradaky kepilnama, zähmet depderçesiniň, pasport we dogluş şahadatnamasynyň hem kopiýalary soralýar.

Kime pul ugradylýan bolsa, onuň hem pasport we dogluş şahadatnamasynyň kopiýalary talap edilýär. Eger-de pul daşary ýurtdaky talyba iberilýän bolsa, onda onuň okaýan ýerinden hem ýörite kepilnama soralýar.

Galyberse-de, pul ugratmak we kabul etmek boýunça girizilýän çäklendirmeler Türkmenistanyň walýuta alyş-çalyş nokatlarynda ilata daşary ýurt walýutalarynyň, ýagny amerikan dollarynyň we ýewronyň satylmagy bes edilen wagtyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG