Sepleriň elýeterliligi

Türkmen telekeçileriniň 'kislorody' kesilýär


TSTB-niň "Rysgal" gazeti

TSTB-niň "Rysgal" gazeti

Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» topary, ýurt içindäki çeşmesine salgylanyp, türkmen telekeçileriniň döwletiň haýryna uly möçberde serişde geçirmäge mejbur edilýändigini habar berýär.

Bu ýagdaýy aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş bolan iş adamlarynyň hem käbiri tassyklady we telekeçileriň, meýletin-mejbury ýagdaýda döwlete serişde geçirmeginiň öňräkden gelýändigini aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň prezidenti hökümet maslahatlarynda dünýäde energiýa nyrhlarynyň arzanlamagynyň türkmen ykdysadyýetine hem täsir ýetirendigini boýun alýar. Emma muňa garamazdan, ol kanunda ilat üçin göz öňünde tutulan ýeňillikleri saklap galmak, planlaşdyrylan sosial programmalary durmuşa geçirmek wadasyny hem berýär.

«Türkmen inisiatiwasy» toparynyň ýerli çeşmesiniň berýän maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedowyň 8-nji iýunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary bilen geçiren duşuşygynda hem şu gürrüňler gaýtalanypdyr.

Şol duşuşykdan iki gün soň bolsa, TSTB-niň başlygy Aleksandr Dadaýew ýurduň iri we orta derejeli biznesmenleri bilen ýörite duşuşyk geçirip, şunuň ýaly kynçylykly döwürde watana we prezidente kömek bermek meselesini gozgapdyr.

Aýdylmagyna görä, bu duşuşyga gatnaşmaly biznesmenleriň sanawyny hut Dadaýewiň özi düzüpdir we olaryň her biriniň görkezilen bank hasabyna 100 müň amerikan dollary möçberinde serişde geçirmegini talap edipdir.

Emma bu serişdäniň anyk näme üçin soralýandygy belli däl. Şu aralykda, döwlet telewideniýesinde, 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlaryna kömek üçin, raýatlaryň birnäçe aýlyklaryny döwletiň haýryna geçirmeklerine çagyryşlar eşidildi.

Eger ýatlatsak, mundan alty aý çemesi ozal Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlary bilen baglylykda meýletin ýardam etmek hereketine goşulmak baradaýörite maslahatlar, soň bolsa umumy ýygnak geçirildi.

Azatlyk radiosy bilen adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen telekeçi meýletin kömek etmek ýagdaýynyň her firmanyň diýen ýaly başynda bardygyny, emma bu barada hiç kimiň aç-açan gürrüň etmejekdigini, sebäbi adamlaryň iş mümkinçiliklerini ýitirmekden gorkýandygyny gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň biznes merkezinde bir aý ozal bolan duşuşykda käbir telekeçiler döwlete geçirilmegi talap edilýän serişdäniň soň yzyna gaýtarylmak ähtimallygy, ýa-da onuň salgyt tölenende hasaba alynmagy we beýleki ýeňillikler barada sorag beripdirler. Emma bu soraga «hiç hili kepillik ýok, emma diýlen serişdäni geçirmeseňiz, kislorodyňyzy keseris, bizde şeýle mümkinçilik bardygyny bilýänsiňiz» diýlen jogap berlipdir.

Ikinji tarapdan, adyny aýtmazlygy soran ýerli biznesmeniň aýtmagyna görä, döwlet Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalaryna belli bir iş şertlerini döredýär, olara maliýe kömegini berýär we bu şertlerden peýdalanýan firmalaryň eýeleri döwletiň öňe sürýän talaplaryna boýun bolmaly bolýarlar.

Emma muňa garamazdan, soňky döwürde, dürli ýagdaýlar sebäpli, işgärlerine aýlyk tölemäge gurby ýetmeýän firmalaryň köpelýändigi barada habarlar çykýar.

Şonuň bilen bir wagtda, soňky günler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agza bolup durýan firmalaryň ýurduň banklarynda türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna çalşyp bilmeýändikleri aýdylýar.

Mundan ozal 15 çemesi firmanyň türkmen manadyny amerikan dollaryna çalşyp, daşary ýurtlardan haryt getirmek mümkinçiliginiň bolandygy aýdylýar.

Emma bu ýagdaýyň gürrüňi edilýän 100 müň dollar kömek we kislorod kesmek haýbaty bilen baglydygy ýa däldigi belli bolman galýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG