Sepleriň elýeterliligi

Daşoguzyň soňsuz suwsuzlyk kösenji


Plastik çüýşelere gaplanan suw

Plastik çüýşelere gaplanan suw

Daşoguzyň Köneürgenç etrabynyň Bereket obasynda soňky 25 ýylyň dowamynda her günde, şol bir sagatda poslap, çüýräp giden bir demir turbanyň daşynda eli bedreli adamlaryň uly nobatyny synlasa bolýar.

Berekediň ilaty, tomsuň jöwzasyna we gyşyň aýazyna garamazdan, her gün sagat 13:00-14:00 aralygynda entek sowet döwri çekilen turbanyň öňünde ýygnanyp, öz suw nobatyna garaşýarlar. Gürrüňi gidýän obada suw her günde diňe belli bir wagtda, diňe bir sagadyň dowamynda akdyrylýar.

Emma, ýerli ýaşaýjylar çäkli möçberde akdyrylýan bu suwuň hem duzludygyny aýdýarlar.

“Suwy alyp ýetişseň-ä ýetişeniň. Emma, ol hem gaty duzly. Alaç barmy, içmeli bolýarys” diýip, Bereket obasynyň ýaşaýjysy, 50 ýaşlaryndaky Ogulbibi daýza gürrüň berýär.

Ýerli ilatdan bolan adamlar sähel ýagdaýy bolanyň, öz melleginde guýy gazdyryp, nasos bilen ýerden suw alýandyklaryny gürrüň berýärler. Ýöne, olaryň aýtmagyna görä, guýy gazdyrmak üçin, birinjiden-ä, azyndan 4 müň manat ($1,100) pul gerek, ikinjidenem, gazdyran guýyňdan süýji suw çykjakdygy gümana.

“Guýynyň daşyny beton bilen oňarmaly. Sementiň bahasy hem gymmat. Nasos-da almaly. Munça çykdajydan soň, süýji suwuň çykjagy hem gümana. Birinjiden, pul, ikinjiden hem töwekgelçilik sebäpli obalylaryň muňa gurby çatmaýar” diýip, bereketli ildeşlerimiziň biri bu ýagdaýy beýan edýär.

Agyz suwunyň gytçylygy regionda käbirleri üçin gazanç mümkinçiliklerini hem döredýär. Hususyýetçiler öz ulaglarynda welaýat merkezlerinde içimlik suw turbalaryndan akýan ýa-da suw desgalarynda saklanylýan suwlary ýörite gaplara guýup, obamba-oba aýlanyp satýarlar.

Bir 20 litrlik kanistr suw üçin üç manat soralýar. Emma ýerli ýaşaýjylar bu suwuň hem “agyz suwy” diýip atlandyrardan bärden gaýdýandygyny, ondan hem duzuň tagamanyň gelip durandygyny gürrüň berýärler.

Şol bir wagtda Ogulbibi daýza suwy pul berip satyn alyp bilmeýän, ýagdaýy pes maşgalalaryň golaý-goltumdaky ýaplardan akýan suwlary ençeme gezek matadan süzüp içmekden başga çäreleriniň ýokdugyny aýdýar.

Ýeri gelende bellesek, Daşoguzyň Bereket obasyndaky bolup geçýän bu ýagdaýlar demirgazyk welaýatyň tas ähli ýerinde diýen ýaly giňden ýaýran. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan daşoguzlylar agyz suwy, umuman, suw meselesiniň regionda köp ýyllardan bäri uly problemadygyny aýdýarlar.

Hatda welaýat merkezi bolan Daşgouz şäherinde-de suw günüň dowamynda tapgyrlaýyn üç sapar: irden iki, günortan iki we ikindin iki sagat berilýär. Daşoguzly Enetumar daýza bu suwdan hem duzuň tagamynyň gelip durandygyny aýdýar: “Duzly. Ýöne biz näme edeli?! Içýäs. Başga alaç barmy näme?!”.

Ýatladyp geçsek, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen aý Daşoguza eden saparynda ýerli resmileriň bir toparyny işden aýyrdy, ýene bir toparyna käýinç berdi. Emeldarlar, esasan, oba maksatnamasy boýunça ýeterlik iş edilmändigi, şol sanda agyz suwy meselesi sebäpli tankyt edildiler.

Emma ýokarda agzalan Bereket obasynyň ýaşaýjylary prezidentiň sebitdäki kadr çalşygynyň –ýa-da özleriniň dowamly arzalarynyň netijesinde, sebitiň suw meselesi babatynda hiç hili oňaýly özgerişleriň bolmandygyny aýdýarlar.

Berekediň ilaty, bu günler howanyň gyzgynynyň 40 gradusa baryp ýetýänligine garamazdan, hemişekisi ýaly, ýene-de şol posly turbany garawullap, agyz suwunyň gelerine garaşyp durmaly bolýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG