Sepleriň elýeterliligi

Mary prezidenti garşylmaga taýýarlanýar


Prezidentiň saparynyň öňüsyrasy Marynyň esasy ýollary petiklendi.

Prezidentiň saparynyň öňüsyrasy Marynyň esasy ýollary petiklendi.

Bu günler Mary welaýatynyň merkezi Mary şäheri diýseň başagaý görünýär. Marynyň esasy köçeleriniň ugrunda gyssagly ýagdaýda abatlaýyş işleri geçirilýär, şäheriň ähli ýerinde diýen ýaly howpsuzlyk gulluklaryny, teatrlaşdyrylan sahnalaryň taýýarlyk repetisiýalaryny görse bolýar.

Mary Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gelerine taýýarlanýar.

Azatlyk Radiosynyň Mary häkimiýetindäki çeşmesiniň beren maglumatyna görä, prezident şenbe güni başlanýan saparynyň dowamynda şäherde çagalar üçin gurlan täze meýdançanyň we Aşgabat-Mary ýolunyň ugrundaky “Altyn Sähra” etrabynda döredilen täze obanyň açylyş dabarasyna gatnaşar.

Şäherde prezidentiň geçjek ýerlerinde güýçli depgide taýýarlyk, umumy ýowar bilen deňeşdirip bolaýjak derejede arassaçylyk işleri geçirilýär. Öten agşam, ýagny bir gijäniň dowamynda şäher wokzalynyň töwereginde täze asfalt ýazyldy. Ýol-gurluşyk işlerine gatnaşýan hünärmenler gyssagara çekilen bu ýoluň ýene birnäçe hepdeden sandan çykjakdygyny aýdýarlar.

Prezidentiň gelmeginden bir gün öň ýazylan asfalt.

Prezidentiň gelmeginden bir gün öň ýazylan asfalt.

“Bu ýoluň ýene birnäçe hepdäniň içinde oýuk-oýuk boljakdygy görnüp dur. Ýöne näme edeli?! Bize tizara bitirmleri diýip tabşyryk berdiler” diýip, ýol gurluşygyna çekilen işçileriň biri aýdýar.

Şol bir wagtda, şäherde howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleriniň hem göz-görtele artandygyny görse bolýar. Beýleki etraplardan hem çagyrylyp getirilen ýörite gulluklaryň eli rasiýaly işgärleri köçeleriň ugry bilen her ýigrimi metr aralygynda durlar. Olar şäheriň esasy ýollaryny petikläp, olardan geçmekçi bolýan adamlary, kä halatlarda gödek görnüşde, yzlaryna dolaýarlar.

Prezidentiň gelmeginden bir gün öň petiklenen – Zeili, Kemine we Baýramala barýan ýollaryň töwereginde goýlan şahsy awtoulaglar hem hökmany ýagdaýda aýyrdýarlýar. Özleri aýryp ýetişmedik ýaşaýjylaryň ulaglary bolsa, ewakuatara ýüklenip äkidilýär.

Ýerli ýaşaýjylar Azatlyk Radiosyna esasy ýollaryň petiklenmegi sebäpli, öýlerinden çykyp bilmän kösenýändiklerini gürrüň berdiler.

“Ulaglarymyzy jaýlaryň arkasynda gizläp goýmaly bolduk. Ewakuatara mündürip äkitseler, ulagyňy yzyna alýançaň, çykdajy baryny etmeli. Onsuzam iki gün bäri taksiçilik edip bilmän, rysgalymyzdan kesilip otyrys” diýip, 35 ýaşlaryndaky hususy taksiçi Weli gürrüň berdi.

Bu aralykda, täze açylmaly çagalar meýdançasynyň daş-töweregindäki baglary ýangyn söndüriji ulaglar bilen yzygiderli suwarýarlar. Şeýle-de sebite agyr tehnika eltilip, ýokary depginde gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Prezident şäherde çagalar üçin gurlan täze meýdançanyň açylyş dabarasyna hem gatnaşar.

Prezident şäherde çagalar üçin gurlan täze meýdançanyň açylyş dabarasyna hem gatnaşar.

“Gurluşygyň tamamlanmadyk ýerleri bar. Prezident gelerine ýetişdiriň diýlensoň, diňe ýüzleý, göz üçin geçmeli bolýarys” diýip, özüniň efirde atlandyrylmazlygyny soran gurluşykçylaryň biri gürrüň berdi.

Gurluşyk işleri bilen birlikde, halydyr baýdaklar bilen bezelen bu sebitde medeniýet işgärleri hem prezidente görkezjek teatrlaşdyrylan sahnalaryny, tanslaryny gaýta-gaýta tekrarlaýarlar.

Ýeri gelende bellesek, prezidentiň öňüne çykyp tomaşa görkezjek medeniýet işgärlerini Mara eltmek üçin, ýörite bir günlük demir ýol gatnawy hem ýola goýlupdy.

Şol bir wagtda, Marynyň köçeleri bilen birlikde şäheriň iň iri, ilat arasynda “Gök bazar” diýlip atlandyrylýan bazar hem ýapyldy. Şäher häkimliginiň resmileri söwdagärlere “prezident gidýänçä dükanlaryňyzy ýapmaly bolarsyňyz” diýip görkezme beripdirler.

Prezidentiň saparynyň näçe gün dowam etjekdigi barada häzirlikçe hiç hili maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG