Sepleriň elýeterliligi

Halkara Türkmen-Türk Uniwersiteti ýapyldy


Aşgabatdaky Halkara Türkmen-Türk Uniwersiteti

Aşgabatdaky Halkara Türkmen-Türk Uniwersiteti

Aşgabatdaky Halkara Türkmen-Türk Uniwersiteti (HTTU) ýapyldy. Türkmen metbugatynda täze okuw ýyly üçin talyplary kabul etmek boýunça ýurduň harby bolmadyk ýokary okuw jaýlarynyň çap edilen sanawynda şu ýyl HTTU-nyň ady tutulmaýar.

Azatlyk Radiosyna öz çeşmeleriniň üsti bilen, HTTU-nyň Türkmenistanyň prezidentiniň ýörite karary bilen ýapylyp, onuň ýerinde “Oguzhan” adyndaky Tehnologiýalar uniwersitetiniň döredilendigini anyklamak başartdy.

Gürrüňi gidýän ýokary okuw jaýynda öňden okap ýören studentler ýurduň beýleki uniwersitetlerine we institutlaryna paýlanyp berildi.

“Dilçiler Apreala (bu institutyň gepleşik dilindäki ady – Red.) [Döwletmämmet Azady adyndaky Diller institutyna], inženerler Polite [Nebit-gaz institutyna] geçirildi. Bizi diňe habarly etdiler” diýip, efirde atlandyrylmazlygyny soran ozalky Türkmen-Türk Uniwersitetiniň talyby gürrüň berdi.

1993-nji ýylda düýbi tutulyp, 1994-nji ýylda hem bilim berip başlan bu ýokary okuw jaýynyň häzirki gün näme sebäden ýapylandygy barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, mundan üç ýyl ozal, ýagny 2013-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmensitanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň şol wagtky prezidenti Abdullah Gül Halkara Türkmen-Türk Uniwersitetiniň 3 müň talyplyk täze binasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşypdylar.

Güleniň "Hyzmat" hereketi

Gepiň gerdişine görä aýtsak, HTTU-nyň ýapylmagy Türkiýede başa barmadyk harby agdarylyşykdan soň, türk prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň bu synanyşygyň arkasynda ABŞ-da ýaşaýan Fethullah Güleniň durandygyny öňe sürüp, onuň dünýädäki bilim merkezleriniň ýapylmagyny talap eden wagtyna gabat geldi.

Halkara Türkmen-Türk Uniwersitetiniň Fethullah Güleniň “Hyzmat” hereketine gönümel degişlidigi barada hiç ýerde görkezilmese-de, bu ýokary okuw jaýynda bilim alanlar talyplygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, olaryň öz sözleri bilen aýdylanda, gulaklaryna “Güleniň pelsepesiniň” guýulýandygyny gürrüň berýärler.

“HTTU-a giren ýylymdan başlap sapaklardan daşgary hem talyplar we mugallymlar jemlenişip, din, Güleniň ‘hyzmat’ hereketi barada gürrüň ederdiler. Özüňi alyp barmagyň ýazylmadyk düzgüni hem bardy diýse bolar. Esasan hem türkmen-türk liseýlerinden gelenler wagyz-ündew bilen meşgullanýardylar. Türk mugallymlaryň barysy diýen ýaly hem bu işlere gatnaşýardylar” diýip, HTTU-nyň ozalky talyplarynyň biri gürrüň berýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri ozal 1990-njy ýyllaryň başynda açylan türkmen-türk liseýleriniň hem barysyny 2011-nji ýyla çenli ýapyp çykdylar.

Sözümiziň soňunda bellesek, prezident Rejep Taýyp Erdoganyň Güleniň okuw merkezlerini ýapmak baradaky talaby bilen Halkara Türkmen-Türk Uniwersitetiniň ýapylmagynyň arasynda nähilidir bir arabaglanyşygyň bardygyny garaşsyz we resmi çeşmelere tassyklatmak başartmady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG