Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Siriýa bilen serhet 'doly arassalanmaly' diýdi


Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu
Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu Siriýa bilen serhet giňişlikleriniň “Yslam döwleti” toparynyň söweşijilerinden “doly arassalanmalydygyny” aýtdy. Munuň öňüsyrasynda hökümet dynç günlerinde ýurduň günortasynda bolan heläkçilikli hüjümlere ekstremistleriň gatnaşandygyny aýdypdy.

20-nji awgustda Gaziantep şäherinde öz janyndan geçen çaga hüjümçiniň toýda amala aşyran hüjümi zerarly 51 adam wepat boldy we onlarça adam ýaralandy.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 21-nji awgustda bolan hüjümiň şu ýyl ýurtda iň ganly hadysa bolup, ony söweşiji toparyň amala aşyrandygyny aýtdy.

Türkiýäniň esasan kürt ilatly günorta-gündogarynda geçen ýylyň dowamynda bolan ençeme heläkçilikli hüjümler YD topary bilen bagly kürt söweşijilerine baglanyşdyrylypdy.

XS
SM
MD
LG