Sepleriň elýeterliligi

Türkmenabat: Býujet işgärleri pagta çekilip başlandy


Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde döwlet býujetinden aýlyk alýan käbir işgärler pagta ýygymyna çekilip başlandy.

Geçen hepdäniň şenbe we ýekşenbe günlerinden başlap, hepdäniň dynç günleri bilim, saglygy saklaýyş we beýleki döwlet edara-kärhanalarynyň ençeme işgäri irden sagat 7-den tä 6-a çenli pagta meýdanlaryna alnyp gidilýär.

Azatlyk Radiosy bu barada giňişräk maglumat almak üçin Türkmenabat şäherindäki habarçysy Röwşen Çaryýew bilen söhbetdeş boldy.

Şu ýylyň maý aýynda dünýäniň belli söwda brendleri, şol sanda “Adidas”, “Espirit”, “H&M”, şeýle-de sermaýaçylaryň, biznes jemgyýetleriniň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň 60 wekili Türkmenistanyň prezidentiniň adyna hat ýollap, Türkmenistanyň gowaça meýdanlaryndaky mejbury zähmete ýol berilýändigi baradaky maglumatlara aladalanma bildirip, Gurbanguly Berdimuhamedowdan bu meselä üns bermegini sorapdylar.

Şeýle-de, mebelleri we öý hajatlary üçin esbaplary ýasaýan we satýan dünýä belli kompaniýa Türkmenistanda pagta ýygymy döwründe mejbury zähmet ýa-da adam hukuklarynyň depelenmegi ýaly ýagdaýlary ýüze çykarsa, türkmen pagtasyndan ýüz öwürjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG