Sepleriň elýeterliligi

Italiýa: Ýer yranmasyndan soň gözleg işleri dowam edýär


Italiýanyň Peskara del Tronto sebiti. 24-nji awgust, 2016 ý.

Italiýanyň Peskara del Tronto sebiti. 24-nji awgust, 2016 ý.

Italiýanyň merkezinde bolan güýçli ýer yranmasynda azyndan 247 adam öldi we başga-da 369 sanysy ýaralandy.

“Bu ölen adamlaryň soňky sanawy däl. Bu çäksiz bir agyry” diýip, 24-nji awgustda Italiýanyň halas ediş gullugynyň işgärleri wakada aman galanlary gözläp-tapmaga synanyşýan mahaly premýer-ministri Matteo Renzi aýtdy.

Ençeme adamyň heniz hem ýykylan jaýlaryň aşagyndadygyna ynanylýar. Ýitirim bolanlaryň aglabasy daşary ýurtlulardyr.

24-nji awgustda, ir sagatlarda Rimiň demirgazyk-gündogarynda bolan ýer yranmasynyň güýjüniň 6,2 bal derejesinde bolandygy, Akkumoli, Amatris, Posta we Arkuata del Tronto şäherlerinde köp jaýlaryň ýykylandygy habar berilýär.

Ýer yranmasynyň merkeziniň ýedi ýyl ozal bolan we 309 adamy öldüren 5.9 bally ýer yranmasynyň bolan ýerine, l'Akuila golaýdygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG