Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: "Altyn asyr" bazarynda geçelge ýapylýar


"Altyn asyr" bazarynyň derwezesi

"Altyn asyr" bazarynyň derwezesi

Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» toparynyň websaýtynda Aşgabatdaky «Altyn asyr» bazarynda dükan alan satyjylaryň bazar adminstrsiýasynyň satyjylara «bikanun ýer bermeginden», «korrupsiýanyň kadaly bir ýagdaýa öwrülmeginden» nägile bolýandyklary aýdylýar.

Azatlyk radiosy täze bazardaky «köne düzgünler» bilen gyzyklanyp, Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa bilen telefon söhbetdeşligini gurady.

XS
SM
MD
LG