Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Türkmenistan türmelerine daşary ýurt diplomatlarynyň barmagyny maslahatlaşmaga razy'


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (ç) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (s), Berlin, 29-njy awgust, 2016.
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (ç) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (s), Berlin, 29-njy awgust, 2016.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Türkmenistanyň öz türmelerine daşary ýurtly diplomatlaryň baryp görmeginiň mümkinçiligini diskussiýa etmäge razy bolandygyny aýtdy.

Merkel bu barada 29-njy awgustda Berlinde geçiren metbugat-konferensiýasynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bilelikde geçiren metbugat-konferensiýasynda aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy Berlini türkmen liderine basyş edip, onuň syýasy garşydaşlaryny gizlin tussag etmeginiň soňuna çykmagyny, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň boşadylmagyny we raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagynyň eden etdilikli gadagan edilmeginiň bes edilmegini gazanmaga çagyrypdy.

G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň öz konstitusiýasyny reformirlemegiň üstünde işleýändigini we adam hukuklary boýunça ýörite wekili ombudsmeniň wezipesini döredýändigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG