Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Daşary ýurda okuwa goýbermediler"


Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň daşary ýurt okuw jaýlarynda okamaga gidýänleriň köpelendigi aýdylýar.
Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň daşary ýurt okuw jaýlarynda okamaga gidýänleriň köpelendigi aýdylýar.

Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň, başda Türkiýe bolmak bilen Russiýa Federasiýasy, Ukraina, Belarus hem ÝB-niň ýurtlaryna ýokary okuw jaýlarynda okamaga gidýänleriň köpelendigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosyna gelip-gowuşýan hatlarda dürli ýurtlarda ýokary bilim alýan türkmenistanly studentleriň käbiriniň dynç alyş ýa-da başga saý-sebäp bilen öýüne dolananlarynda, yzyna goýberilmeýändigi aýan bolýar. Şol wagtyň özünde daşary ýurtlardaky ýokary okuw jaýlaryna okamaga gitjek bolýanlaryň käbiriniň hem Aşgabat aeropordyndan yzyna gaýtarylýandygy barada köpsanly hatlar gelip gowuşýar.

Bu tema bilen baglanşykly Azatlyk Radiosyna gelip-gowşan hatlaryň birinde howpsuzlyk sebäpli öz adynynyň “Maral” diýip tutulmagyny islän bir türkmenistanly student öz başdan geçirenleri bilen bu ugurda bolup geçýän ýagdaýlar barasynda şeýle gürrüň beripdir:

"2016-njy ýylyñ 3-nji awgustynda Türkiýe döwletine uçjak bolanymda, Aşgabat aeroportyndaky migratsiýa gullugy tarapyndan yzyma gaýtaryldym. Näme sebapden gaýtarylanlygymy bilmegim üçin, maña öz welayatymyzdaky migratsiýa gullugyna ýüz tutmalydygymy aýtdylar. Olar ýaly ýüz tutmalaryñ netije bermejegini bilibem, uçup bilman yzyna gaýdyp, öz welaýatymdaky migratsiýa gulluguna baranymda: “Gaýtaranlaryñ özünden soraýmaly ekeniñiz” diýen jogaby aldym. Daşary ýurda goýberilmeýänler, Aşgabatda halkyň arzasynyň hepdede bir gezek kabul edilýän gününde, ýagny penşenbe güni Migratsiýa gullugynyň ýolbaşçylary bilen duşuşan mahalam ýene ýaňky ýaly sözleri eşitmeli boldum.

Hiç mahal daşary ýurda çykmadyk we jemgiýetçilik düzgünini hem bozmadyk adamlaryňam Aşgabatda aeroportda yzyna gaýtarylýanlarynyň sany az däl. Daşary ýurda goýberilmän, Aşgabatdan yzyna gaýtarylýanlaryň arasynda okamaga gidip barýanlara hem duş gelinýär. Mysal üçin, Gunça 23-nji awgustda Türkiýe döwletine student höküminde gitmekçi bolanda, Aşgabat aeropordundan yzyna gaýtaryldy.

Onuň elinde Türkiýäniň Kyrklareli uniwersitetiniň çakylygy, pasportunda bolsa Türkiýäniň ilçihanasynyň student-talyp wizasy bilen bilelikde hatda ätiýaçlyk hem saglyk kepilnamalarynyň tölenendigi barada resminamalaram bardy. Gunçanyň daşary ýurda okamaga gitmegi üçin gerek bolan dokumentleriniň kemçiligi ýokdy. Ol 19 ýaşyny dolduran we ömründe bir gezegem daşary ýurda çykmadyk.

Onuň ejesi Migrasiýa gullugy ministrligine baryp kömek soranda “Gyzyň çakylygynyň möhledi geçer. Sebäbi haýyşnamany ýazuw üsti bilen hat görnüşinde tabşyrmaly. 10 günden soň jogaby taýyn bolar we poçtanyň üstünden goýberiler” diýipdirler. Şeýlelik-de, uniwersitetiň çakylygynyň möhledi 26-njy awgustda dolandygy üçin, ol gyz okuwa gitmek mümkinçiliginden mahrum boldy. Aşgabat aeropordyndan goýberilmändigi üçin onuň daşary ýurda okuwa gitmegi barasynda ejesiniň eden ähli çykdaýjylaram howa sowrulyp gitdi”.

Azatlyk Radiosy, bu temadan gelip gowuşýan köp sanly hatlary nazarda tutup, daşary ýurtlardaky türkmenistanly studentlerden Ýewropada okap ýören we ýaňy-ýakynda hem tomusky dynç alyşdan dolanyp gelen Baharyň tejribelerine salgylandy.

Student Bahar Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, özüniň hem ýaňky Gunçaňky ýaly ýagdaýlary mundan 2 ýyl owal başyndan geçirendigine ünsi çekip, daşary ýurtlarda okaýan studentleriň diňe Migrasiýa gullugynyň Aşgabatdaky merkezinden ýörüte rugsat haty alandan soň aeroportdan goýberilýändigini aýdýär.

Bahar daşary ýurtda okap ýören studentleriň ýa-da okamaga gitjek bolýanlaryň gerek bolan ähli resminamalary kemçiliksiz bolaýanda-da, Migrasiýa gullugyndan şeýle ýörite rugsady alyp aeroporta barmasa goýberilmeýändigini ýatladýar. Bahar daşary ýurtlarda okap ýören ýa-da okamaga gitjek bolýanlaryň hatlarda ýazylşy ýaly, Türkmenistanda dürli býurokratik päsgelçiklikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny tassyklaýar. Bahar “rugsat haty üçin arza berlenden 3 hepde soň poçtanyň üsti bilen daşary ýurda çykmaga rugsat berlip-berilmeýändigini öwrenýärsiň. Birden oňaýsyz jogap geläýse, hiç kim onuň sebäbini düşündirenok. “Daşary ýurtda çykmagyňyz bolanok” diýen sözden başga hiç hili düşündiriş berilmeýär. Gadaganyň näçe möhletdigi ýa-da haçan başlap, haçan guratjakdygy hem mälim edilenok..." diýip, gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy Türkmenistandan daşary ýurtda goýberilmeýän studentleriň ýagdaýy barasynda migrasiýa gullugynyň Aşgabatdaky maglumat merkezine jaň edip, maglumat almaga synanyşdy. Ýöne “Maglumat almak üçin hat üsti bilen haýyşnama ýazyp iberilmelidigini we soň jogap berilýändigini” aýdyp, telefonda maglumat bermekden ýüz öwürdiler.

XS
SM
MD
LG